Sepleriň elýeterliligi

Yrakda razwedka akademiýasynyň ýolbaşçysy öldürildi


Şenbe güni Yragyň Mosul şäheriniň golaýynda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda harby razwedka gullugynyň bir ýokary derejeli ofiseri we onuň üç sany janpenasy öldi.

Ýerli polisiýa resmileri bu partlamanyň brigada-generaly Ali Auniniň Mosul şäheriniň golaýyndaky Tal Afar şäherçesindäki öýüniň öňünde amala aşyrylandygyny aýdýar.

Polisiýanyň maglumatyna görä, hüjümçi ýörite Ali Aunini nyşana alyp, bu partlamany amala aşyrypdyr.

Brigada-generaly Ali Auni Yragyň esasy razwedka akademiýasyna ýolbaşçylyk edýärdi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG