Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Meteoritiň döreden weýrançylygy dikeldilýär


Orsýetiň Çelýabinsk oblastynda ýüz beren meteorit weýrançylygyndan soň bu regionda güýçli depginde dikeldiş we arassalaýyş işleriniň alnyp barylýandygy habar berilýär.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi häzirki wagt şeýle işler bilen bu regionda 20 müň töweregi adamyň meşgullanýandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, anna güni irden Çelýabinsk oblastynda bir meteoritiň Ýere ýakyn aralykda partlamagy netijesinde dörän sarsgynda 4 müňden gowrak jaýa zyýan ýetipdir. Bu wakanyň netijesinde 1 müň 200 töweregi adamyň ýaralanandygy, olardan 50 töwereginiň henizem keselhanadadygy habar berilýär.

Meteoritiň partlamagynda dörän sarsgynda, esasan, jaýlaryň penjirelerine uly zyýan ýetendigi aýdylýar. Orsýetiň resmileri bu wakada çekilen zyýanyň edil häzirki wagt 13 million dollar töweregidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG