Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan: Saýlawlaryň bosagasyndaky täsinlikler


Prezident Serž Sarkisýan saýlaw kampaniýasy bilen Ýerewanda öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär. Ýerewan, 15-nji fewral, 2013.
Prezident Serž Sarkisýan saýlaw kampaniýasy bilen Ýerewanda öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär. Ýerewan, 15-nji fewral, 2013.
Ermenistanlylar 18-nji fewralda ýurduň prezidentini saýlaýarlar. Bu Ermenistanyň garaşsyzlyk döwrüniň başyndan bäri bäşinji prezidentlik saýlawlary. Häzirki kampaniýa gyzgalaňlylygy bilen tapawutlanmasa-da, onuň öz käbir täsin taraplary bar.

Ermenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärleriň biri dört hepde bäri açlyk çekýär. Ýene bir dalaşgär saýlawlarda ýeňiş gazansa-da, resmi netijeleri kabul etmejegini yglan edýär. Ýene bir dalaşgär-syýasatçynyň janyna kast etmäge synanyşyk boldy.

Mundan daşary, ses berijileriň üçden bir bölegi, ýurduň daşynda ýaşaýandygy sebäpli, ses bermek mümkinçiliginden mahrum. Ermenistanyň prezidentlik saýlawlarynyň daşyndaky täsinlikler munuň bilen hem çäklenmeýär.

Sarkisýan saýlanjaga meňzeýär

Prezident wezipesine dalaş edýän alty kandidatyň berk tankytlaryna garamazdan, pikir öwrenmeleriň netijelerine görä, ýurduň häzirki prezidenti Serž Sarkisýan ikinji prezidentlik möhletine saýlanjaga meňzeýär.

Pikir öwrenmeleriň netijeleri Sarkisianyň sesleriň 70%-ni gazanjagyny we esasy garşydaşlaryndan ep-esli öňe saýlanjagyny habar berýär.

Dalaşgärleriň ýene biri, Ýerewandaky radiostansiýanyň eýesi 43 ýaşly Andrias Ghukasýan saýlaw kampaniýasynyň başyndan bäri açlyk çekýär. Ol Sarkisýanyň dalaşgärlikden çekilmegini talap edýär we halkara gözegçilerini saýlawlara boýkot yglan etmäge çagyrýar. Ol iş ýüzünde saýlawlaryň geçirilmegine garşy çykyş edýär.

Prezident wezipesine dalaş edýän 49 ýaşly Armen Melikýan saýlawlary öňünden “bikanun” diýip atlandyrdy. Daglyk-Garabag regionynyň öňki hökümet resmisi Melikýan saýlawlarda özüniň ses bermejegini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Melikýan hatda özi ýeňiş gazansa-da, saýlawlaryň netijelerini kabul etmejegini aýdýar.

“Milli öz-özüňi kesgitleýiş” partiýasynyň ýolbaşçysy 63 ýaşly Paruýr Hairikýan 31-nji ýanwarda öz öýüniň golaýynda oka tutulyp, ýaralandy. 10-njy fewarlda Hairikýan Konstitusion Suda ýüz tutup, saýlawlary iki hepdelik yza tesdirmegi sorady. Emma ol şol günüň ertesi öz arzasyny yzyna aldy. Hairikýan Ghukasýanyň çekýän açlygynyň uzaga çekmegini islemeýändigini aýtdy.

Käbir beýleki çekeleşikler

Günorta Kawkaz ýurdy bolan Ermenistanyň öňünde uly problemalar durýar. Günbatar bilen Orsýetiň arasynda deňagramly ýagdaýy saklamaga dyrjaşýan bu ýurduň Azerbaýjan bilen gatnaşyklary Daglyk-Garabag regionynyň üstündäki dawa zerarly dartgynly bolup galýar.

Ýurduň oligarhlarynyň täsiri astyndaky ykdysadyýetiniň ýagdaýy gümürtik görünýär we ýurt daşary ýurtlardan gelýän girdejilere garaşly bolup galýar.

Emma bu meseleler 21-nji ýanwarda başlanan prezidentlik kampaniýasynda seýrek gozgalýar. Dalaşgärleriň çykyşlary, esasan, bir-birini tankytlamak bilen tapawutlanýar.

Sarkisýanyň esasy bäsdeşi, öňki daşary işler ministri, ABŞ-da doglan Raffi Howwanisýan Ermenistanyň iň uly şäherleriniň biri bolan Gümrüde 10-njy fewralda eden çykyşynda saýlawlardaky ses berişligiň “syýasy partiýalaryň arasyndaky göreş bolman, ýagşy bilen ýamanyň arasyndaky göreşdigini” nygtady.

Munuň yzýany Serž Sarkisýan Ýerewanda eden çykyşynda ýurduň bölünişikden ýadandygyny aýtdy.

Bu gezekki saýlawlarda dalaşgärleriň sany azaldy. 2008-nji ýylda Serž Sarkisýanyň esasy bäsdeşi bolan öňki prezident 68 ýaşly Lewon Ter Petrosýan bu gezek saýlawlara gatnaşmaýar, ol munuň sebäbini gojalyk ýaşa ýetendgi bilen düşündirýär.

Synçylar häzirki saýlaw kampaniýasynyň ozalkylardan gowulanandygyny aýdýan hem bolsalar, oppozisiýa prezident Sarkisýany administratiw mümkinçiliklerden peýdalanmakda aýyplaýar.

Üstesine, oppozision aktiwistler saýlaw kanunyna girizilen üýtgetmeleri tankyt etdiler. Şol üýtgetmeler arkaly ýurduň daşynda ýaşaýan bir milliona golaý ermeni raýaty ses bermek mümkinçiliginden mahrum edildi.
XS
SM
MD
LG