Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene saglyk hepdeligini geçirmekçi


2012-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň” çäklerinde Türkmenabat şäherinde geçirilen ýöriş. Türkmenabat, 7-nji aprel, 2012.
2012-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň” çäklerinde Türkmenabat şäherinde geçirilen ýöriş. Türkmenabat, 7-nji aprel, 2012.
Anna güni Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme hökümet maslahatynda käbir beýleki meseleler bilen birlikde, Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini” gurnamak barada-da gürrüň edildi.

Hususan-da, bu mesele barada wise-premýer S.Toýlyýew öz çykyşynda durup geçdi. Ol öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine” görülýän taýýarlyklar barada-da gürrüň etdi.

Geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem şeýle hepdeligi Bütindünýä saglyk gününiň bosagasynda, ýagny 1-7-nji aprel aralygynda geçirmeklik planlaşdyrylýar.

Bütindünýä saglyk güni halkara derejesinde her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilip geçilýär.

Anna günki hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow bu mesele barada aýratyn durup geçip, bu ýylky “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginden” başlap, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda we guramalarda ähli işgärleriň gatnaşmagynda her gün bedenterbiýe maşklarynyň geçirilip başlanmalydygyny aýtdy.

Ol bu meselede diňe öz işleri üznüksiz iş prosesi bilen baglanyşykly işgärleriň bu maşklara gatnaşman biljekdiklerini mälim etdi.

“Yzygiderli wagyz edilmeli”

Prezident Berdimuhamedow “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine” görülýän taýýarlyklaryň we onuň geçirilişiniň ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde öz giňişleýin beýanyny tapmalydygyny-da nygtady.

2012-nji ýylyň aprelinde saglyk hepdeliginde türkmen gurluşykçylary iş ýerlerinde maşk edýärler. Aşgabat, 5-nji aprel, 2012.
2012-nji ýylyň aprelinde saglyk hepdeliginde türkmen gurluşykçylary iş ýerlerinde maşk edýärler. Aşgabat, 5-nji aprel, 2012.
Mundan daşary, Berdimuhamedow bedenterbiýe bilen aktiw we gündelik meşgullanmaklygyň adamyň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolmalydygyny belläp, sagdyn durmuş obrazyny yzygiderli wagyz etmek barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri-de berdi.

Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” ilkinji gezek geçen ýylyň aprelinde geçirilipdi. Bu hepdelige şeýle adyň berilmegi bolsa Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen yglan edilen “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” bilen baglanyşdyrylýar.

Geçen ýyl Türkmenistanda bellenilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeliginiň çäginde 7-nýi aprelde ýurduň ähli welaýat merkezleriniň “Saglyk ýolunda” köpçülikleýin ýörişler geçirildi.

Paýtagt Aşgabatda ýurduň Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministrliginiň gurnamagynda 7-nji aprelde edara-kärhanalaryň işgärleri bilen birlikde, paýtagtyň ýokary okuw ýaýlarynyň studentleriniň we orta mekdepleriň okuwçylarynyň müňlerçesi uzynlygy 8 kilometrlik “Saglyk ýolundan” ýöräp geçdiler.

Bu ýyl hem bu hepdeligiň jemleýji gününde, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylyp, ýurduň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin saglyk ýörişleri geçiriler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG