Sepleriň elýeterliligi

Tatarystanda “Nurçylaryň” liderleri tussag edildi


Anna güni Tatarystanyň kanun goraýjy organlary kanun taýdan gadagan edilen yslamçy toparyň iki sany liderini tussag etdiler.

Tatarystanyň Içeri işler ministrligi respublikanyň Nabrežnyýe Çelny şäherinde geçirilen bu operasiýanyň barşynda yslamçylaryň iki sany gizlin medresesiniň-de üstüniň açylandygyny aýdýar.

Ministrligiň maglumatyna görä, bu medreseler kanun taýdan gadagan edilen “Nurçylar” atly yslamçy topara degişli. Bu topar Orsýetiň territoriýasynda 2007-nji ýylda gadagan edilipdi.

Orsýetiň häkimiýetleri bu yslamçy toparyň türki dillerde gürleýän ýerli halkyň ýaşaýan ýerlerinde yslam döwletini döretmek ideýasyny wagyz edýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG