Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý ilatly ýerlerdäki hüjümlere garşy gürledi


Şenbe güni prezident Hamid Karzaý ýaşaýyş punktlarynyň töwereklerinde howa hüjümleriniň geçirilmegi üçin Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň NATO-nyň howa güýçlerine ýüz tutmak hukuklarynyň ýatyryljakdygyny aýtdy.

Kabulyň Milli harby akademiýasynda eden bu çykyşynda prezident Karzaý: “Owganystanyň hiç bir harby güýji hiç bir ýagdaýda biziň obalarymyzyň üstünde daşary ýurt howa güýçleriniň operasiýa geçirmegi üçin ýüz tutmaly däldir” diýip nygtady.

Bu wakanyň edil öňýany, geçen hepdäniň çarşenbe güni Kunar welaýatynda NATO-nyň geçiren howa hüjümlerinde 4 sany talyban söweşijisi bilen birlikde, 10 sany parahat ýaşaýjynyň öldürilendigi habar berildi. Maglumata görä, bu öldürilen parahat ýaşaýjylardan bäşisi çagalar.
XS
SM
MD
LG