Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda iki wyždan ýesiriniň boşadylandygy habar berilýär


Türmäniň daşyndaky haýat.

Türmäniň daşyndaky haýat.

“Wyždan ýesirleri” diýlip yglan edilen Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň şenbe güni türkmen türmesinden boşadylandygy habar berilýär.

Bu barada düýbi Bolgariýada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen Helsinki Fondy” we düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy maglumat berýär.

Türkmenistanyň resmi habar serişdelerinde agzalýan adamlaryň tussaglykdan azat edilendigi barada maglumat berilmedi.

Türkmenistanly Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýew 2006-njy ýylda türkmen häkimiýetleri tarapyndan “bikanun ýarag saklamakda” aýyplanyp, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenşiginde, olaryň her biri 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ynsan hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy Amangylyjow bilen Hajyýewe çykarlan hökümiň syýasy taýdan galplaşdyrylandygyny belläp, olaryň adam hukuklary boýunça alyp baran kanuny işeri üçin tussag edilendigini öňe sürüpdi. Baş edarasy Londonda ýerleşýän bu gurama 2011-nji ýylda olary “wyždan ýesirleri” diýip yglan etdi.

Professional işi üçin öldürilen žurnalistleriň hormatyna Waşingtonyň "Wilbur J. Kohen" adyndaky binasyndaky hatyra tagtasynda Ogulsapar Myradowanyň (ortaky hatardan sagda) suraty. Waşington

Professional işi üçin öldürilen žurnalistleriň hormatyna Waşingtonyň "Wilbur J. Kohen" adyndaky binasyndaky hatyra tagtasynda Ogulsapar Myradowanyň (ortaky hatardan sagda) suraty. Waşington

Amangylyjow we Hajyýew bilen bilelikde şol bir aýyplamalar esasynda žurnalist we aktiwist Ogulsapar Myradowa hem alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Şol ýylda-da Myradowa türmede aradan çykypdy.

Şol waka bilen bagly "Human rights watch" guramasy Myradowanyň juda şübheli ýagdaýlarda aradan çykandygyny we “Amnesty International” guramasy bolsa onuň tussaglykda gynamalara sezewar edilendigi baradaky aýyplamalar boýunça aladalanýandygyny malim edipdi.

2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň bikanun tussag edilmelere garşy işewür topary Amangylyjow bilen Hajyýewiň tussag ediliş ýagdaýlarynyň halkara kanunçylyk normalaryna garşy gelýändigini aýdyp, olaryň haýdan-haý tussaglykdan azat edilmeklerine çagyryş edipdi.

Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň tussaglykdan boşadylandygy baradaky habary resmi çeşmelerden tassyklatmak häzirlikçe başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG