Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý sorag edişlikleriň ýazga geçirilmelidigini aýdýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý adam gynamalarynyň öňüni almak maksady bilen, raýatlaryň sorag edilýän ähli otaglarynda wideo kameralarynyň ýerleşdirilmelidigi barada permana gol çekdi.

Şenbe güni giçlik onuň gol çeken bu permanynda “Degişli häkimiýetler aňtaw we derňew gulluklaryny häzirkizaman zerur enjamlary bilen üpjün etmelidirler we sorag edişlik prosesini wideo ýazga almalydyrlar” diýlip bellenilipdir.

Ýakynda Owganystanyň türmelerindäki kanun bozmalar barada BMG-niň ýaýradan hasabatynyň yzy bilen, Owganystanyň hökümeti ýörite derňew geçirdi.

Şol derňewleriň netijesinde raýatlaryň tussag edilen wagtynda we sorag edişlik wagtynda gynalandyklarynyň üstüniň açylandygy habar berildi.

BMG-niň hasabatynda-da pikirleri soralan 635 tussagdan 326-synyň özleriniň gynamalara sezewar edilendiklerini aýdandyklary bellenilýär.
XS
SM
MD
LG