Sepleriň elýeterliligi

Kosowonyň prezidenti garaşsyzlyk barada çykyş etdi


Ýekşenbe güni Kosowonyň prezidenti Atifete Jahjaga öz ýurdunyň garaşsyzlyk statusynyň indi “yza alynmasyzdygyny” nygtady.

Ol bu barada Kosowonyň öz garaşsyzlygyny yglan etmeginiň bäş ýyllygy bilen bagly telewideniýede eden ýüzlenmesinde durup geçdi.

Mundan ozal Serbiýanyň düzüminde bolup gelen Kosowo 2008-nji ýylyň 17-nji fewralynda Serbiýadan öz garaşsyzlygyny yglan edipdi.

Şondan bäri geçen bäş ýylyň dowamynda onuň garaşsyzlyk statusyny 100-e golaý ýurt resmi ýagdaýda ykrar etdi.

1 million 800 müň töweregi ilatly Kosowonyň garaşsyzlygyny Serbiýanyň häkimiýetleri henizem ykrar etmän gelýärler.

Ýakynda, 6-njy fewralda Serbiýanyň we Kosowonyň prezidentleri Brýusselde ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşik geçirdiler.
XS
SM
MD
LG