Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: Partlamada ölenleriň sany 81-e ýetdi


Şenbe güni Pakistanyň Kwetta şäheriniň bir söwda bazarynda amala aşyrylan partlamada ölenleriň sanynyň 81-e ýetendigi habar berilýär.

Ýerli polisiýa bu hüjümde ýaralananlaryň sanynyň 160-dan geçendigini aýdýar.

Şenbe güni amala aşyrylan bu hüjümiň jogapkärçiligini “Laşkari-Jangwi” atly bir sünni topary öz üstüne aldy. Ýöne bu toparyň bu hüjüminiň anyk maksady belli bolman galýar.

Kwettanyň polisiýa resmileri bu partlamada ölenleriň aglabasynyň hazara milletinden bolan şaýylardygyny aýdýarlar. Şu ýylyň başynda Pakistanyň şu şäherinde amala aşyrylan başga bir bomba partlamasynda 86 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG