Sepleriň elýeterliligi

Dagystandaky atyşyklarda üç sany söweşiji öldürildi


Ýekşenbe güni Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri Dagystan respublikasynda geçirilen operasiýada üç sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigini habar berdiler.

Maglumata görä, ýekşenbe güni irden bu ýaragly söweşijiler tokaýlyk ýerde reýd geçirip ýören howpsuzlyk işgärlerine garşy ok atypdyrlar. Bu wakada ýüze çykan özara atyşyklarda howpsuzlyk güýçlerine bu üç söweşijini ýok etmek başardypdyr.

“Interfaks” habar agentligi bu öldürilen üç adamdan biriniň gözlegdäki meýdan komandirlerinden biri Daniýal Zargalowdygyny habar berýär.

Daniýal Zargalow Demirgazyk Kawkaz regionynda “demirgazyk sektoryň emiri” diýen at bilen tanalýar. Orsýetiň häkimiýetleri Dagystan Respublikasyndaky ýaragly söweşijilere garşy yzygiderli göreş alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG