Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde partiýalaryň liderleri gepleşik geçirdiler


Ýekşenbe güni Müsüriň esasy oppozisiýa partiýasynyň liderleri “Musulman doganlygy” partiýasynyň ýolbaşçylaryndan biri bilen gepleşik geçirdi.

Hususan-da, Kairdäki bu duşuşyga Müsüriň oppozision Milli Azat Ediş frontunyň lideri Muhammad El-Baradeýiň we oppozision NSF partiýasynyň lideri Saed El-Badawiniň gatnaşandygy habar berilýär.

Maglumata görä, olar ýurtdaky syýasy dartgynlylygy gowşatmak meselesi barada dolandyryjy “Musulman doganlygy” hereketiniň düzümine girýän “Azatlyk we Adalat” partiýasynyň lideri Saad El-Katatni bilen özara gepleşik geçiripdirler.

Ýöne bu gepleşikde nähili karara gelnendigi barada anyk maglumat berilmeýär. Soňky birnäçe aýyň dowamynda Müsüriň dürli künjeklerinde prezident Muhammad Mürsüniň hökümetine garşy protest çykyşlary yzygiderli dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG