Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan ýedi gazak raýatyny boşadypdyr


Ýekşenbe güni “Turkmenistan.ru” internet gazeti we Türkiýäniň "Sondakika.com" internet gazeti prezident G.Berdimuhamedowyň günä geçişlik baradaky permany esasynda Gazagystanyň-da tussaglykdaky ýedi raýatynyň azatlyga goýberilendigini habar berdiler.

Gazagystanyň bu ýedi raýaty geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň serhedini bikanun kesip geçendikleri üçin tussag edilipdiler.

Şonda Gazagystanyň resmi häkimiýetleri bu tussag edilen ýedi adamdan dördüsiniň Mangystau oblastynyň Karakiýan etrabynyň milisiýa işgärleridigini, beýleki üç adamyň bolsa şol regionyň ýerli ýaşaýjylarydygyny tassyklapdylar.

Birneme soňra, dekabr aýynyň başynda habar agentlikleri Türkmenistanyň sudunyň bu gazak raýatlaryndan birine 8 ýyl, galan altysynyň her birine bolsa 7 ýyl türme tussaglygyny berendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG