Sepleriň elýeterliligi

Şiraly: “Adam pakyr uly aýbyn gizleýär…”


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly.

Dörtlemeler

Jinnek ýaly ýagşy zadyn güjeňläp,
Adam pakyr uly aýbyn gizleýär.
Ýerde ýol ýitirip azaşan bende
Asmana el serip, haraý gözleýär.

***

Goýberseler huzuryna Taňrynyň,
Aralaşsa hol ýokarky topara –
Ýok, adam şeýtanyň guýrugyn ýolmaz,
Ol perişdäň ganatlaryn goparar!

***

“Agşamyň haýryndan – ertiriň şeri” –
Belki, hak söz, dawalaşyp bolanok.
Bar kişem baş atýar, ýöne hiç kimiň
Ertire çen garaşasy gelenok.

***

Bir-ä “dyndym” diýip heşelle kakma,
Birem “ýitirdim” diýp gowşatma salyň.
Howply duşman ýokdur şu ikisinden –
Öňki dostuň hem aýrylşan aýalyň.

***

Her kim ykbalynyň režissýorydyr,
Ýürek el ýuwýandyr kelle göçensoň!
Teatr ýalydyr durmuş diýeniň –
Oýun başlanýandyr çyra öçensoň...

***

Pişik geçdi gitdi samanhanadan!
Oň yzyndan item – okam ýetenok.
Düýn öz kölgesinden gorkup ýörenler
Bu gun Alladanam heder edenok.

***

Bu türkmeniň merdi – mertdir,
Göze dürtülip durandyr.
Namardy aňsat tanatmaz –
Mydam törde oturandyr.

***

Bu ne asyr – rahat oturan ilden
Janhowluna urnup ýören bosgun kän.
Bu ne döwür – duşmanyň köp dirikäň,
Ne zamana – öleňden soň dostuň kän.

***

Uçarmy, otlumy, maşynmy, gämi...
Ulag kän jahana aýlanjak bolsaň.
Erkine goýsalar – garyp mekana
Ýeriň ol ujundan pyýada gelseň!

***

Gutarýan alada sataşmadym hiç,
Birem gutarmaýan pula duşmadym.
Täze dörän “gul bazarna” aýlanyp,
Azatlyk isleýän gula duşmadym.

***

Häkimýet nyrh kesdi. Geçmedim sana,
Ýürejigmi çöwrüp, başa geýdiler.
Öz öýümde dönderdiler myhmana,
Myhmanhana bardym: “Ýer ýok!” diýdiler.

***

Ýyllar gurçuk deýin barsa-da süýşüp,
Ömür gülle kimin sygyryp geçýä.
Durmuş meýin äwmän owurtlan adam
Ajalyň badasyn bir demde içýä.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG