Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowo ÝB we NATO goşulmak islegini mälim edýär


Kosowonyň prezident Atifete Jahjaga Kosowonyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy mynasybetli Priştinada çykyş edýär. Priştina, 17-nji fewral, 2013.
Kosowonyň prezident Atifete Jahjaga Kosowonyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy mynasybetli Priştinada çykyş edýär. Priştina, 17-nji fewral, 2013.
Ýekşenbe güni Kosowonyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy bilen bagly eden çykyşynda prezident Atifete Jahjaga öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine we NATO goşulmak barada aýdyň maksadynyň bardygyny aýtdy.

“Kosowo Respublikasy şu günki gün regional hyzmatdaşlyklary ösdürmeklige möhüm goşant goşujy bolup durýar. Şeýle hem, onuň ÝB we NATO goşulmak barada aýdyň maksady bar. Biz, Kosowonyň halky bolup öz taryhymyzda täze bir sahypa girişdik. Bu parahatçylyk, özara düşünişmeklik, hyzmatdaşlyk we özara hormat sahypasydyr” diýip, hanym Jahjaga öz çykyşynda nygtady.

Priştina şäherinde prezident Atifete Jahjaganyň bu barada çykyş eden ýerinde ýekşenbe güni Kosowonyň NATO tarapyndan tälim berlen ýörite howpsuzlyk güýçleri harby paraddan geçdi.

Kosowonyň Ýewropa Bileleşigine we NATO goşulmak barada aýdyň maksady bar
Prezident Atifete Jahjaga

Kosowonyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygyna bagyşlanan çäreler parlamentiň ýörite sessiýasy, Priştinanyň esasy bulwaryndaky konsert we gijeki salýutlar ýaly çäreleri öz içine aldy.

Mundan ozal Serbiýanyň düzüminde bolup gelen Kosowa 2008-nji ýylyň 17-nji fewralynda Serbiýadan öz garaşsyzlygyny yglan edipdi.

Bu wakadan on ýyla golaý öň, 1998-1999-njy ýyllarda serbler bilen kosowaly albanlaryň arasynda bolen harby konfliktler NATO-nyň howa güýçleriniň bu waka goşulyşmaklary netijesinde togtapdy.

Şonda NATO-nyň howa güýçleri Serbiýanyň şol wagtky döwlet lideri Slobodan Miloşewiçiň güýçlerine garşy bombalaýyş kampaniýasyny ýola goýupdy.

Wakalaryň soňky ösüşi

2008-nji ýylyň 17-nji fewralynda Serbiýadan öz garaşsyzlygyny yglan edeli bäri geçen bäş ýylyň dowamynda Kosowonyň garaşsyzlyk statusyny 100-e golaý ýurt resmi ýagdaýda ykrar etdi.

Emma Serbiýa henizem Kosowony özüniň günorta prowinsiýasy diýip hasaplamagyny dowam etdirýär. Emma, şeýle-de bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň inisiatiwasy bilen Serbiýanyň we Kosowonyň özara gatnaşyklary boýunça yzygiderli gepleşikler alnyp baryldy.

Ýewropa Bileleşiginiň tagallalary netijesinde ýakynda, 6-njy fewralda Serbiýanyň we Kosowanyň liderleri Brýusselde ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşik geçirdiler.

Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy üçin goýulýan şertleriň hatarynda onuň Kosowo bilen gatnaşyklarynyň gowulandyrylmalydygy baradaky şert hem bar.

Geçen aý eden çykyşynda Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç Kosowonyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmak ugrundaky tagallalaryna öz ýurdunyň görkezýän garşylyklaryny bes etmeginiň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG