Sepleriň elýeterliligi

Kerri we Lawrow gepleşikleri geçirdi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow özara gepleşikleri geçirip, Siriýadaky we Demirgazyk Koreýadaky krizisleri maslahat etdiler.

Döwlet departamentiniň berýän maglumatyna görä, iki resmi ýekşenbe güni telefon arkaly 30 minut töweregi gürleşipdirler.

Siriýa meselesi boýunça Waşington bilen Moskwanyň dürli garaýyşlary bar, ýagny Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýan bolsa, ABŞ onuň wezipesinden çekilmelidigini öňe sürýär.

Döwlet departamentiniň maglumatyna laýyklykda, Demirgazyk Koreýanyň soňky geçiren ýadro synagyna “gyssagly jogabyň” berilmegi üçin, özara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna iki tarap hem ylalaşypdyr.
XS
SM
MD
LG