Sepleriň elýeterliligi

Benedikti müňlerçe adam diňlemäge geldi


Rim Papasy Benedikt XVI

Rim Papasy Benedikt XVI

Ýekşenbe güni on müňlerçe adam Rim Papasy Benediktiň pantifik hökmündäki soňy çykyşlarynyň birine tomaşa etmek üçin, Rimiň keramatly Pýotr meýdançasyna ýygnandy.

Geçen hepde 85 ýaşly Benedikt fewral aýynyň ahyryna wezipesinden çekilýändigini yglan edip, dünýä jemgyýetçiligini haýrana galdyrypdy.

Watikanyň habar bermegine görä, täze Rim Papasynyň mart aýynyň ortalaryna çenli saýlanmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG