Sepleriň elýeterliligi

Çawez Kubadan dolandy


Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawez

Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawez

Prezident Ugo Çawez rak ösüntgilerini aýyrmak üçin Kubada iki aý töweregi bejergi alandan soň, yzyna – Wenesuela dolandy.

Duşenbe güni Çawez özüniň Twitter hasabynda “Hudaýa şükür! Biz ýene-de Wenesuella ata watanymyza dolanyp geldik. Sag bol meniň wepaly halkym. Mundan beýläk men bejergini bu ýerde dowam etdirerin” diýen ýazgyny galdyrdy.

58 ýaşly Çaweze rak diagnozy ilkinji gezek 2011-nji ýylda goýulypdy.

Çawez Wenesuela 14 ýyldan gowrak wagt bäri ýolbaşçylyk edýär.
XS
SM
MD
LG