Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanda prezidentlik saýlawlary geçýär


Ýerewandaky saýlaw nokatlarynyň biri, 18-nji fewral, 2013.
Ýerewandaky saýlaw nokatlarynyň biri, 18-nji fewral, 2013.
Duşenbe güni ermenistanlylar, garaşsyzlygyň başyndan bäri, indi bäşinji gezek ýurduň prezidentini saýlaýarlar.

Köpçülikleýin pikir öwrenmeleriň netijelerine görä, ýene alty sany dalaşgäriň bardygyna garamazdan, häzirki prezident Serž Sarkisian yene bir prezidenlik möhlete prezident saýlanjaga meňzeýär. Onuň saýlawçylaryň sesleriniň 70%-ni aljakdygy çak edilyär.

Ýerewanda ýerleşýän “Regional barlaglar merkeziniň” müdiri Riçard Giragosian bu saýlawlar bilen baglylykda uly problemalaryň bardygyny aýdýar.

Giragosian bu ses berilşigiň ýurduň taryhynda iň bäslesiksiz saýlawlardygyny belläp, Sarkisianyň saýlawlaryň netijelerine däl-de, onuň alnyp barlyşyna uly basyş etmek bilen ýene-de bir gezek prezident saýlanjak bolýana meňzeýändigini aýdýar.

“Agyr meseleler”

Prezidentlik saýlawlary Ermenistanyň global ykdysady krizisiň netijelerinden saplanmak ugrunda alyp barýan göreş alyp barýan döwrüne gabat gelýär.

Ilatyň ortaça aýlygy jan başyna 300 dollar töwereginde bolup, ýurduň 3.2 million adamdan ybarat ilatynyň üçden bir bölegi garyplyk derejesinden hem aşakda ýaşaýar.

Şeyle-de, Ermenistan 1990-njy ýyllarda Azerbaýjan bilen Daglyk-Garabag regionynyň ustünde bolan uruşdan soň, Azerbaýjan we Türkiýe tarapyndan söwda blokadasynda saklanýar.

Ermenistanyň premýer-ministri Tigran Sarkisian täze prezidentiň agyr meseleler bilen ýüzbe-yüz boljagyny Reuters agentligine gürrüň berdi. Tigran Sarkisianyň sözlerine görä, adamlar durnuklylygyň üpjün edilmegini, sosial-ykdysady problemalaryň çözülmegini we iş orunlarynyň döredilmegini isleyärler.

Kampaniýanyň aýratynlyklary

Saýlaw kampaniýasynyň gidişinde ikinji prezidetlik möhletine dalaş edyän Sarkisianyň başdeşleriniň biriniň janyna kast etmäge synanyşyk boldy we ýene bir dalaşgär-de açlyk çekdi.

“Milli özbaşdaklyk” atly bileleşigiň lideri, 63 ýaşly Paruýr Hairikian 31-nji ýanwarda öz öýüniň golaýynda oka tutuldy we egninden ýaralandy. Ýene-de bir dalaşgär – syýasy analitik, garaşsyz radiostansiýanyň müdiri Andrias Gukasian ýanwar aýyndan başlap, açlyk çekdi. Ol bu saýlawlary “galp” diýip häsiýetlendirýär.

Zorluklar we gapma-garşylyklar Ermenistanyň syýasatynda ýat zat däl.

2008-nji ýylda, şol gezekki prezidentlik saýlawlarynda Sarkisianyň ýeňiş gazanandygy yglan edilensoň, dörän çaknyşyklarda on adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG