Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muhammet Almazyň Türkmenler baradaky şygyrlary


Muhammet Almaz
Muhammet Almaz
Azatlyk Radiosy dünýä türkmenleriniň ýaş şahyrlaryndan, häzir Saud Arabystanynda işläp ýören Muhammet Almaz bilen onuň döredijiligi barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Edebiýata, şahyrlyga höwes nähili döredi, haçan goşgy ýazmaga başladyňyz? Şahyrlyk ylhamynyň çeşmesi näme?

Muhammet Almaz: Ýaşlygymdan şygyrlary diňlemäge, okamaga höwesim bardy. Ýaşap öten beýik şahyrlaryň kitaplaryny, Magtymguly Pyragynyň kitaplaryny okap, onsoň “Zöhre-Tahyr” ýaly türkmen dessanlaryny okap, şygyr ýazmaga höweslenip başladym. Maňa şygyr ýazmany öwreden adam ýok. Okan şygyrlarymdan nusga alyp, öz-özümden şygyr ýazmaga başladym.

Azatlyk Radiosy: Dünýä Türkmenlerine öz gowy görýän, özüňe goýan şygyrlaryňdan birini okap berseň.

Muhammet Almaz
Muhammet Almaz
Muhammet Almaz: “Türkmen” diýen şygyrymy okap bereýin:

Oguzhanyň neslinden bu jahana gelen, Türkmen,
At münüp, gylyç tutup, bu dünýäni alan, Türkmen.
Şa bolup, soltan bolup, köp döwrany süren, Türkmen,
Arslan dek bu dünýäde, şir men diýip, öten, Türkmen.

Agzybirlik bilen ýaşaň, eý, Türkmenim her zaman,
Bilseň ki bu dünýäde dostuňdan duşmanyň kän,
Agzalalyk, kineleri gidireliň ortamyzdan,
Her ýerde mert-namart ynsana duş gelen, Türkmen.

Biz eziz Türkmenlere köp zalym zulum eýledi,
Ata watanymyzdan aýryp, ýat ülkelere saýlady,
Ol pelek tersine bakyp, başymyzy köp aýlady,
Ýat illerde mysapyrlyk derdini köp çeken, Türkmen.

Indi birleşeliň bizler, kinäni goýup, gatlap,
El berip, öňe gideliň, geljek aýendäni toplap,
Gamly günlerden ötüp, hoş günlerimizi gutlap,
“Birleş” diýip, atalarymyz köp aýdyp geçen, Türkmen.

Ýaş ýigitlerimize bizler, Türkmen dili öwredeliň,
Ýat ülkelerden aýrylyp, azat watan döredeliň,
Almaz aýdar, bu jahana kimdigimizi bildireliň,
Namartlara dyz egmän, başyny dik tutan, Türkmen!

Azatlyk Radiosy: Eşdişimize görä siziň ýaş şahyrlar hökmünde öz araňyzda söhbetleriňiz bolýar. Şol ýaş şahyrlaryň üýşmeleňlerinde iň köp haýsy tema barada gürrüň edilýär?

Muhammet Almaz: Arabystanda ýaşap ýören ýerimizde kän türkmen ýok. Owganystan ýaly dürli ýurtlara dargan türkmenleriň wekilleri bärde gaty az. Şonda-da biz ýaşlar bolup oturşyp, türkmenler hakynda gürrüň edýäris. Şygyrlar hakynda hem söhbet edýäris.

Azatlyk Radiosy: Dünýä türkmenleriniň bir ýaş şahyry höküminde özüňi türkmen edebiýatynyň niresinde görýäň? Geljekde türkmen edebiýatynda nähili işler ederin, nähili sepgitlere ýeterin diýen plan, maksat bar?

Muhammet Almaz: Geljekde hem şeýle türkmenler barada şygyrlar ýazmakçy. Häzir bärde Saud Arabystanda iş bilen kän şygyr ýazyp bilemok. Türkmenler baradaky pikirlerimi, duýgylarymy geljekde ýaş nesillere şygyr hökmünde eser galdyrmaklyk ýaly maksadym bar.

Azatlyk Radiosy: Döredijiligiňizde haýsy tema has öňe çykýar? Has köp näme barada şygyr ýazýarsyňyz?

Muhammet Almaz: Ýaşlygymyzdan bäri uruş bolup, şol sebäpli daşary ýurtlara gidenimiz üçin meniň şygyrlarymda köplenç şol ýat ülkelerdäki aýraçylyk barada ýazýaryn. Türkmenler barada, türkmenleriň birleşmegi hakda, türkmenleriň birleşmegini arzuw edip, esasanam şu temada köpräk şygyrlar ýazjak bolýaryn.
XS
SM
MD
LG