Sepleriň elýeterliligi

Sarkisýan saýlawda ýeňiş gazandy


Prezident Serž Sarkisýan

Prezident Serž Sarkisýan

Ermenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ähli saýlaw punktlarynda sesleri sanap, prezident Serž Sarkisýanyň 58 prosentden gowrak ses alandygyny we ikinji möhlete prezident saýlanandygyny yglan etdi.

Ozalky daşary işler ministri Raffi Howannisýan 36.7 prosent ses alyp, ýeňlişini ykrar etmekden boýun gaçyrdy we häkimiýetleri Sarkisýanyň peýdasyna galplyk etmekde aýyplady.

Resmiler düzgün bozmalar baradaky habarlaryň bolandygyny boýun aldylar, ýöne saýlawlary galplaşdyrma dildüwşiginiň bolandygyny ret etdiler.

Duşenbe güni geçirilen saýlawa gatnaşyk 60 prosent çemesi boldy. ÝHHG-nyň, Ýewropa parlamentiniň halkara gözegçileri saýlawyň geçirilişiniň öňki ýyllardakydan gowy bolandygyny, onda emma hakyky bäsleşigiň bolmandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG