Sepleriň elýeterliligi

Aktiwistler Ženewa sammitine gatnaşýar


Eýranly, gazagystanly, demirgazyk koreýaly, sudanly, siriýaly, tibetli, pakistanly, orsýetli aktiwistler Ženewada Adam hukuklary we demokratiýa barada geçirilýän bäşinji sammite gatnaşýarlar.

Bu maslahat BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň indiki hepde geçýän ýyllyk sessiýasynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

Maslahatyň guramaçylary adam hukuklarynyň pajygaly ýagdaýyna dünýä derejesinde üns berilmegini gazanmagy maksat edinýärler.

Sammite gatnaşýanlaryň arasynda zenan hukuklaryny goraýjy aktiwist we Pakistanda toparlaýyn zorluga uçran Muhtar Maý, eýranly ýazyjy we Ewin türmesinde gynalan Marina Nemat, ors aktiwisti we “Pussy raýot” toparynyň tussag edilen agzasy Nadežda Tolokonnikowanyň adamsy Pýotr Werzilow, gazak žurnalisti Lukpan Ahmedýarow dagynyň hem bolmagyna garaşylýar.

Bu sammit dünýäniň hökümetden aýra adam hukuklary toparalyrynyň 20-siniň koalisiýasynyň howandarlygynda geçirilýär.
XS
SM
MD
LG