Sepleriň elýeterliligi

Pistorius girew diňlenişigine gatnaşýar


Oskar Pistorius

Oskar Pistorius

Günorta Afrikanyň iki aýaksyz olimpiýa ýüwrügi Oskar Pistorius girew diňlenişigi üçin suda getirildi.

Oňa öz model söýgülisi Riwa Stinkampy 14-nji fewralda, Pretoriadaky öýünde öldürmekde günä bildirildi.

Prokurorlar onuň sişenbe günündäki diňlenişikde girew esasynda azatlyga goýberilmegine garşy bolýarlar. Polisiýa Stinkampyň Pistoriusyň eýeçiligindäki sapança bilen dört gezek tüpeňlenendigini aýdýar.

Ol özüniň adam öldürendigi barada aýdylýanlary ret edýär. 29 ýaşly Stinkamp sişenbe güni jaýlanýar.

26 ýaşly Pistorius Günorta Afrikada milli gahryman hasaplanýardy. Ol akýasyz halyna, dyzyndan aşagyndan berkidilen ýasama aýaklary bilen ylgap, synasy sagat ýüwrüklerden üstün çykmagy başardy.

Pistorius 2012-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynda bäsleşige çykan ilkinji aýaksyz ýüwrük hökmünde taryha girdi. Şeýle-de ol Paralimpiýa oýunlarynda altyn medallary utdy.
XS
SM
MD
LG