Sepleriň elýeterliligi

“Nestle” makaronlaryny satlykdan aýyrýar


“Nestle Italiýadaky we Ispaniýadaky önümlerinde geçirilen barlaglarda at etiniň DNK-sy tapylandan soň, sygyr etli makaronlaryny satuwdan aýyrdy.

Dünýäniň iň uly azyk we içgi öndürijisiniň ýaýradan beýanatynda öz “Buitoni Beef Ravioli” we “Beef Tortellini” naharlarynda tapylan at DNK-synyň Britan azyk hopsuzlygy gullugynyň bellän çäginden bir prosent ýokarydygy aýdylýar.

Şweýsar läheňi garyndyly sygyr etiniň özüne german kompaniýasy tarapyndan satylandygyny aýdýar. Şeýle-de “Nestle” Fransiýadaky jemgyýetçilik naharhanalaryna satan doňdurylan etlerini satuwdan aýyrýandygyny habar berdi.

Taýýar naharlara goşulan at etiniň sygyr eti diýen ýarlyk astynda satylmagy netijesinde dörän galmagal Ýewropada geçen aý başlandy.

Bu ýagdaý bir topar naharyň satuwdan aýrylmagyna we azyk işläp bejerýän senagatda hökümet barlaglarynyň geçirilmegine getirdi.
XS
SM
MD
LG