Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: ÝB sanksiýalaryny täzeleýär


Ýewropa Bileleşigi Siriýa garşy girizen sanksiýalaryny täzeledi we olara agza döwletleriň asuda ilatyň goragy üçin has köp parahatçylyk goldawyny bermegine şert döredýän düzedişleri girizdi.

ÝB-niň daşary işler ministrleri bu karary duşenbe güni, Brýusselde bolan duşuşyklaryndan soň yglan etdiler. Bu ädim hepdeläp dowam eden ylalaşmazlyklardan soň gelnen eglişik esasynda ädildi.

Britaniýa we Italiýa prezident Başar al-Asada garşy göreşýän pitneçilere kömek bermek üçin ýarag gadaganlygyny gowşatmagy talap edýär, emma ÝB-niň beýleki agzalary bu ýurda köp ýarag eltilmegine garşy durýarlar.

Şeýlelikde, ýarag gadaganlygy saklanyp galdy, gelnen ylalaşyga görä, Siriýanyň oppozisiýadaky Milli koalisiýasyna berilýän kömek ok-ýarag däl ýardamy we tehniki kömegi artdyrmakdan ybarat bolar.

BMG-niň derňewçisi Karla del Ponte duşenbe güni Halkara jenaýat sudunyň Siriýadaky uruş jenaýatlaryny derňemegine wagt ýetdi diýdi.
XS
SM
MD
LG