Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen türmesinden boşan gazagystanlylar öýlerine dolanýar


Orynbasar Kuzbekow - Türkmenistanda tussag edilen ýedi gazak raýatyň biri.
Orynbasar Kuzbekow - Türkmenistanda tussag edilen ýedi gazak raýatyň biri.
Türkmenistanda tussag edilen we ýaňy-ýakynda azat edilen gazagystanlylar öýlerine dolanýar.

Şatlyk we tolgunma

28 ýaşly Samal Şişmaganbetowa tussaglykdan boşap, öýüne dolanýan 36 ýaşly gazak polisiýa işgäri Abdylla Kiglikowyň aýaly. Ol öz ärine uly şatlyk hem-de sabyrsyzlyk, şol bir wagtyň özünde-de onuň gelejegine alada bilen garaşýar. Samal Şişmaganbetowanyň sözlerine görä, polisiýanyň ýolbaşçylarynyň biri onuň äriniň işden kowlup, işiniň suda geçiriljekdigini aýdypdyr.

Abdylla Kiglikow geçen ýylyň ahyrynda serhedi bikanun bozanlykda aýyplanyp, Türkmenistanda tussag edilen ýedi gazagystanlynyň biri. Tussag edilenleriň dördüsi Maňgyşlak welaýatynyň migrasiýa polisiýasynyň işgärleri.

Olary 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň serhetçileri tutýar. Gazagystanyň habar serişdeleri Türkmenisatanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, tutulanlaryň ýanyndan sowuk we ok atýan ýaraglaryň tapylnandygyny aýdypdy.

Boşadylanlaryň gelejekki durmuşy barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary nämedir bir zat aýtmakdan saklandy. Onuň sözlerinden çen tutulsa, ministrligiň işi – azat edilenleri serhetden Gazagystanyň territoriýasyna geçirmekdir.

Samal Şişmaganbetowa
Samal Şişmaganbetowa
Samal Şişmaganbetowanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, äri tussag edilensoň ol ruhypes ýagdaýa düşüpdir. Abdylla Kiglikowyň maşgalasynda dört çagasy bar we olaryň iň ulusy alty ýaşynda, iň kiçisi bäş aýlyk.

Soňky wagtlarda Samal ne äriniň aýlyk hakyny, ne-de kömekpul alandygyny aýdýar. Ol özüniň Maňgyşlak welaýatyndaky kireýine alan jaýyndan ene-atasynyň ýanyna göçmäge we öz eklenjini olaryň boýnuna atmaga mejbur bolandygyny aýdýar. Onuň Maňgyşlak welaýatynyň polisiýa edarasynyň ýolbaşçylaryna ýüz tutmalary-da netije bermändir.

Türkmenbaşy şäherinden gaýtdylar

Türkmenistanda ýaşaýan etnik gazak Sansyzbaý Abdylla Kiglikowyň garyndaşy. Ol 18-nji fewralda Azatlyk Radiosyna türkmen türmesinden boşan ýedi gazagystanlynyň Türkmenbaşy şäherinden çykyp, Gazagystanyň serhedine tarap gaýdanlygyny aýtdy.

Sansyzbaý olaryň gümrük nokadyna 18 sagadyň içinde, ýagny iş wagty tamamlanmanka baryp ýetişmelidigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, eger ähli zat ýerbe-ýer bolsa, azat edilen gazagystanlylar günüň ahyrynda öz öýlerine bararlar.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat bölüminiň başlygy Ylýas Omarow Azatlyk Radiosyna azat edilen ýedi gazagystanlynyň Gazagystanyň Türkmenistandaky konsulynyň ugratmagynda Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine ugrandygyny belleýär.

“Konsul olara gazak-türkmen serhediniň Temirbaba barlag nokadyna çenli ýoldaş bolar” diýip, Ylýas Omarow gürrüň berýär.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat bölüminiň başlygy Ylýas Omarow Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen gönümel gepleşikleriň we Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň aladasy netijesinde, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 15-nji fewralyndaky karary esasynda tussagdaky ýedi gazagystanlynyň günäsiniň geçilip, olaryň türmeden boşadylandygyny we öýlerine ugradylandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG