Sepleriň elýeterliligi

SRG: Türkmen aktiwistleriniň boşadylmagy gowy, emma...


“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň nyşany

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň nyşany

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy žurnalist we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bolan Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň türkmen türmesinden boşadylmagy bilen bagly beýanat ýaýratdy.

Düýbi Parižde ýerleşýän media azatlygyna gözegçilik edýän gurama Amangylyjow bilen Hajyýewiň azat edilmegini gowy habar hökmünde garşylandygyny aýdýar.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň wekili Ýohan Bir gürrüňi gidýän aktiwistleriň ykbaly barada öňden bäri we çynlakaý alada edendiklerini nygtaýar.

Bir: “Biz bu meselä juda çynlakaý çemeleşdik. Biz olaryň azat edilmegini talap edip, iki gezek – 2006-njy we 2008-nji ýyllarda – Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasyny hem gabawa alypdyk. Olaryň ahyrsoňy azat edilendigini eşitmek, bize diýseň uly ynjalyk berdi”.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda Amangylyjowyň we Hajyýewiň, ýedi ýyl türme tussaglygyndan soň, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy, şol sanda olarda ýürek we ruhy näsaglygyň peýda bolandygy habar berilýär.

Myradowanyň ykbaly

Beýanatda Amangylyjow we Hajyýew bilen birlikde 2006-njy ýylda tussag edilip, şol ýyl türkmen türmesinde ýogalan, žurnalist Ogulsapar Myradowanyň ykbalyna hem üns çekilýär.

Ýohan Bir Myradowanyň türmede gynamalara sezewar edilip ýogalanna meňzeýändigini belläp, bu boýunça hiç hili talaba laýyk derňewiň geçirilmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Bir: “Bu türkmen hökümeti üçin juda utanç we abraýsyz bir waka bolup galýar. Men bu mümkinçilikden peýdalanyp, Myradowa bilen bagly çynlakaý derňewiň geçirilmegine çagyrýaryn” diýdi.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň wekili Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň boşadylmagyna garamazdan, Türkmenistanda alnyp barylýan syýasata tankydy göz bilen garaýanlaryň heniz hem basyş astynda saklanýandygyny belleýär.

Türkmenistanly Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýew 2006-njy ýylda türkmen häkimiýetleri tarapyndan “bikanun ýarag saklamakda” aýyplanyp, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde olaryň her biri 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramalar olara çykarylan hökümiň syýasy taýdan galplaşdyrylandygyny belleýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG