Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestin gepleşiklerini Liwni alyp barar


Tzipi Liwni
Tzipi Liwni
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu palestinlylar bilen petige dirän parahatçylyk gepleşiklerini ýaňadandan başlatmak tagallalaryna, ýurduň ozalky daşary işler ministri Tzipi Liwniniň ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy.

Netanýahu Liwniniň ýurduň täze hökümetiniň düzüminde adalat ministri bolup işlejekdigini hem mälim etdi.

Netanýahunyň syýasatynyň tankytçysy bolan Liwni, ozal hem Palestina bilen parahatçylyk gepleşiklerine ýolbaşçylyk edipdi.

Palestinlylar eger-de Netanýahunyň hökümeti Iordaniýa derýasynyň günbatar kenaraynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etdirse, parahatçylyk gepleşikleriniň täzeden başlanmagy üçin mümkinçiligiň az boljakdygyny aýdýarlar.

Ysraýyl bilen palestinlylaryň arasynda iki ýyl wagt bäri parahatçylyk gepleşikleri geçirilmedi.
XS
SM
MD
LG