Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde täjik aktiwisti pyçaklandy


Bakhtior Sattori

Bakhtior Sattori

Moskwada belli täjik žurnalisti we aktiwisti pyçaklandy.

Bakhtior Sattoriniň çarşenbe güni Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, näbelli adam oňa sişenbe güni giçlik hüjüm edipdir.

Sattoriniň sözlerine görä, pyçak bilen onuň garnyna we ýüzüne urlupdyr.

Lukmanlar Sattoriniň çylşyrymly operasiýany geçirendigini, şeýle-de onuň ýagdaýynyň agyr, ýöne kadaly ýagdaýda saklanýandygyny aýdýarlar.

Täjik žurnalisti hüjümçiniň ýüzüniň örtgüli bolandygyny, emma onuň gözleriniň “merkezi aziýala” meňzeýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG