Sepleriň elýeterliligi

Bolgariýa: hökümet işden çekildi


Bolgariýada polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy.

Bolgariýada polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy.

Bolgariýanyň hökümeti ençeme gün dowam eden gazaply protestlerden soň wezipe ygtyýarlyklaryny tabşyrdy. Bolgariýalylar elektrik togunyň bahasynyň gymmatdygy, şeýle-de ýaşaýyş şertleriniň pesdigi üçin protest geçiripdiler.

Premýer-ministr Boýko Borisow çarşenbe güni parlamentde “men polisiýanyň adamlary ýençýän hökümetinde asla bolmaryn” diýip çykyş etdi.

Hökümetiň wezipe ygtyýarlyklaryny tabşyrýandygyny yglan edenden soň, Boýko “adamlar bize häkimiýeti berdi, bu gün hem biz ony olaryň özlerine gaýtaryp berýäris” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Sişenbe güni paýtagt Sofiýada protestçiler bilen polisiýanyň çaknyşygynda ençeme adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG