Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Hytaý bir-birini kiber hüjümlerinde aýyplaýar


ABŞ, kiber urşy boýunça ekspert öz "Apple" kompýuterinde işläp otyr. 2011 ý.

ABŞ, kiber urşy boýunça ekspert öz "Apple" kompýuterinde işläp otyr. 2011 ý.

Amerikanyň hökümet edaralaryna, media guramalaryna we hususy kompaniýalaryna gönükdirilen kiber hüjümleri Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň birek-biregi günälemegine getirdi.

Ak Tamyň sözçüsi Jaý Karneý kiber ogurlygy barada Birleşen Ştatlaryň Hytaýyň ýokary derejeli resmileriniň, şol sanda harbylarynyň ýanynda hem ençeme gezek öz aladalaryny beýan edendigini aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi bolsa haker hüjümlerinde hökümetiň eli bar diýilýän aýyplamalary "esassyz" diýip, ret etdi. Ministrlik internet arkaly edilýän hüjümlerden Hytaýyň özüniň hem pida çekýändigini, Hytaýyň internet saýtlaryna gönükdirilýän hüjümleriň aglabasynyň Birleşen Ştatlardan gelýändigini aýtdy.

Dawa-jenjeliň sebäbi

Bu dawa-jenjele Apple kompaniýasynyň özüniň golaýda hakerler tarapyndan hüjüme uçrap, käbir işgärleriniň "Makintoş" kompýuterlerine zyýan ýetendigini bildirmegi sebäp boldy.

Birleşen Ştatlaryň bir howpsuzlyk kompaniýasy bir raportda Amerikanyň hökümetine, korporasiýalaryna we media kompaniýalaryna garşy gönükdirilýän bu hüjümlerde eli bar diýip, Hytaýyň bir harby birikmesini günäledi.

Hytaýyň halk armiýasyna degişli "61398 birikme" Şanhaýda ýerleşýär. Amerikanyň howpsuzlyk kompaniýasy "Mandiant" bu birikmäni Birleşen Ştatlaryň dürli senagat pudaklarynda iş alyp barýan iň azyndan 141 guramadan 2006-njy ýyldan bäri ýüzlerçe terabaýta barabar maglumat ogurlygynda aýyplady.

Pida çeken guramalaryň köpüsi Amerikada, az sanlysy hem Kanadada we Britaniýada ýerleşýär.

Hytaý harbylary hakerleri ulanýar

Raportda aýdylyşyna görä, Hytaýyň harby sektorynda iň azyndan ýüzlerçe ekspert haker işleýär.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi bu hasabaty "rudimentar maglumatlara" esaslanýar diýip, ret etdi.

"Hytaý hakerlige berk garşy. Ol bu barada degerli kanunlar, düzgünler girizdi. Hakerlik işleriniň öňüni almak üçin berk çäreler kabul etdi. Hytaýyň özi hem internet üsti bilen bolýan hüjümlerden pida çekýär" diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hong Leý aýtdy.

Waşingtonda Ak Tamyň sözçüsi Karneý "Mandiant" kompaniýasynyň hasabatyndan Amerikanyň resmileriniň habarlydygyny bildirse-de, bu hasabat barada ýörite beýanat bermekden saklandy.

ABŞ alada bildirýär

Ýöne ol amerikan resmileriniň bu barada öz aladalaryny Hytaýa ýetirendiklerini aýtdy: "Biz kiber ogurlyk barada öz aladamyzy Hytaýyň ýokary derejeli resmilerine, şol sanda harbylaryna-da ençeme gezek mälim etdik. Bu işi ýene-de ederis".

Karneý prezident Barak Obamanyň öten hepde eden ýyllyk ýüzlenmesinde hem bu barada ýörite durup geçendigini belledi: "Milli howpsuzlyk meýdanynda bu biziň üçin bir esasy mesele. Amerikanyň ykdysadyýetine, milli howpsuzlygyna kiber hüjümleri arkaly, şol sanda söwda maglumatlarynyň ogurlanmagy zerarly abanýan howp Birleşen Ştatlary ýokary derejede aladalandyrýar".

Birleşen Ştatlarda “The New York Times", “The Wall Street Journal", sosial ulgam saýty "Facebook", "Twitter", indi hem "Apple" soňky wagtlarda kiber hüjüme uçran kompaniýalaryň hataryndadyr.
XS
SM
MD
LG