Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: Siriýanyň hökümeti we oppozisiýasy gepleşiklere başlamaly


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we Arap döwletleriniň ligasynyň baş sekretary Nabil Elaraby (sagda), Moskwa, 20-nji fewral, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we Arap döwletleriniň ligasynyň baş sekretary Nabil Elaraby (sagda), Moskwa, 20-nji fewral, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öz ýurdunyň Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine mümkinçilik döretmek ugrunda hereket etmäge taýýardygyny aýtdy.

Lawrowyň bu kommentarileri hepdäniň çarşenbe güni Moskwada geçirilen Orsýet-arap forumynyň birinji tapgyryndan soň mälim edildi.

Lawrow Orsýetiň we arap ýurtlarynyň Siriýanyň iki syýasy güýjüniň gepleşiklere başlamagyny gazanmak ugrunda iş alyp barýandyklaryny aýtdy. Ol siriýadaky özara söweşýän toparlaryň birek-biregiň öňünde gepleşiklerden öň şert goýmazlygynyň örän wajypdygyny belledi.

Orsýetiň daşary işler ministri Siriýadaky häzirki ýagdaýyň dowam etmeginiň ýurduň dargamagyna getirjekdigini nygtady. Sergeý Lawrow bu barada öz hökümetiniň pikirini şeýle beýan etdi: “Iki ýyl bäri dowam edyän bu konflikti duruzmaly. Taraplaryň hiç birisi harby taýdan çözgüt tapyp bilmeyär, sebäbi bu çykalgasyz bir ýol, bu adamlaryň bir-birini gyrmagynyň ýoly”

Optimizm üçin esas

Emma Lawrow optimizm hem bildirdi. Ol Siriýanyň oppozisiýasynyň gozgalaňçylaryny gepleşiklere ündemekde öňegidişligiň bardygyny aýtdy: “Soňky wagta çenli Siriýanyň oppozisiýasyny hökümet bilen dialogdan saklanmaga ündeýänler bardy. Indi bolsa, meniň düşünişime görä, ýagdaý üýtgeýär. Siriýanyň oppozision liderleriniň dialoga taýýarlygynyň hökümetiň hem dialoga taýýarlygy bilen tassyklanmagy örän möhüm”.

Şeýle-de, Lawrow Siriýadaky konfliktiň tamamlanmagy üçin Arap döwletleriniň ligasynyň “öňdebaryjy rol” oýnamagyna zerurlygyň bardygyny belledi.

Moskwadaky foruma gatnaşan Arap döwletleriniň ligasynyň baş sekretary Nabil Elaraby Orsýetiň Siriýanyň hökümetine bolan täsiriniň Siriýadaky konflikti çözmek boýunça tagallalarda uly rol oýanandygyny belledi.

Siriýadaky konflikt gowşajaga meňzemeýär.

Şu hepdäniň başynda Siriýanyň hökümeti oppozision güýçleriň golastyndaky Alleponyň, ýagny Halap şäheriniň golaýynda ballistik raketany atdy. Partlama zerarly 30 çemesi adam heläk boldy, binalaryň birnäçesi ýumruldy.

BMG-niň maglumatlaryna görä, 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri Siriýada 70 müňe golaý adam heläk bolup, dört milliona golaý adam hem ynsanperwerlik kömeginden mätäçlik çekýär.
XS
SM
MD
LG