Sepleriň elýeterliligi

Täze Tolkun 20/02/2013 ý.


Täze Tolkun

Täze Tolkun

Territoriýasynyň aglabasyny çöl tutýan Türkmenistanda ýakynda buz üstündäki hokkeý ýaryşy geçirildi. Bu halkara ýaryşda türkmen komandasy ikinji orny eýeledi. Emma adam hukuklaryny goraýjy käbir toparlar bu netijäni sorag astyna alýarlar, näme üçin?

Täze Tolkun gepleşigimiziň bu sanynda, prezidentiň kubogy boýunça geçirilen hokkeý ýaryşy we muňa gatnaşan “türkmenistanly” oýunçylaryň kimdigi baradaky syrly soraglara-da jogap tapmaga synanyşarys.

Halkara şöhrat we uly maliýe sylagy, gyrgyzstanly ýaş tansçy Ataý Omurzakowyň durmuşyna nähili täsirini ýetirdi we ol şol şöhratyndan nähili peýdalanýar? Bu soraglary onuň özüne berip, jogap aldyk.

Şeýle hem Owganystanda ýerli Tolo telekanalynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşigi "Afghan Star" ("Owgan ýyldyzy") ýaryşynda iň öňdäki 4-lige giren owganystanly türkmen aýdymçysy Latifa Aziziniň aýdymlary barada, onuň türkmen milletinden bolmadyk muşdaklarynyň pikirleri bilen hen tanyş bolarys. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň!

XS
SM
MD
LG