Sepleriň elýeterliligi

Senator: 'Drondan 4700 adam öldi'


Birleşen Ştatlaryň senatory Amerikanyň adamsyz uçardan uran zarbalaryndan, hasaplamalara görä, 4700 adam öldi diýýär.

Bu amerikan kanun çykaryjysynyň ýa-da hökümet wekiliniň dilinden Pakistanda, Ýemende we başga ýerlerde terror nyşanalaryna urlan dron zarbalarynda ölen adamlaryň sanynyň ilkinji gezek sitirlenişi hökmünde häsiýetlendirildi.

Respublikan senator Linsiý Grahamyň bu barada Isliýde, öz dogduk ştaty bolan Günorta Karolinada söz sözlände aýdan sanlary sitirlendi.

Senatyň Ýaragly gulluklar komitetiniň agzasy we dron zarbalarynyň tarapdary bolan Graham, ýerli “Easley Patch” websaýtynyň ýazmagyna göä, “Biz 4700 adamy, şol sanda “Al-Kaýdanyň” örän uly agzalaryny öldürdik” diýipdir.

Grahamyň edarasy onuň aýdan sözleriniň sitirlenişi bilen jedelleşmedi.
XS
SM
MD
LG