Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrana täze teklipler ediler


Günbatar diplomaty dünýäniň alty döwletiniň geljek hepde Eýranyň dawaly ýadro programmasy babatdaky gapma-garşylygy çözmäge gönükdirilen gepleşikler mahalynda Tährana “çynlakaý” we “düýpli” teklip etmäge taýýardygyny aýtdy.

AFP we "Roýters" habar gulluklary bu diplomatyň adyny aýtmaýarlar. Ol bu teklip barada anyk zatlary aýtmandyr, ýöne onuň "saldamly täze elementleriniň" bardygyny habar beripdir.

Eýran 26-njy fewralda Almatyda Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň resmileri bilen duşuşmaly.

Geçen ýyl Eýranyň uran baýlaşdyrmagyny togtatmagy maksat edinen gepleşikler tapgyrynda hiç bir böwsüş bolmady.

Günbatar Eýranyň uran baýlaşdyryp, ýadro ýaragyny edinjek bolýan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar, Tähran özüniň beýle maksadynyň ýokdugyny gaýtalaýar.
XS
SM
MD
LG