Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

11 alym baýrak aldy


On bir alym saglyk ylymlary üçin Böwsüş baýragynyň ilkinji baýragyna mynasyp boldy.

Olaryň her biri 3 million dollar, ýagny Nobel baýragynyň pul serişdesiniň iki essesine barabar sylag alar.

Bu baýrak dünýäniň iň bir tanymal tehnologiýa tütjarlary, şol sanda "Guglyň" egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin, "Feýsbugyň" esaslandyryjysy Mark Zukerberg, şeýle-de biznes kapitalisti Ýuriý Milner dagy tarapyndan döredildi.

Bu serişde alymlara rak, ýagny düwnük, genetika hem-de sütünli öýjükler boýunça ylmy barlaglary alyp barmaga ýardam bermek niýeti bilen berilýär.

Geljekde saglyk ylymlary üçin Böwsüş baýragynyň her ýylda bäşisini bermek planlaşdyrylýar.

Bu fond özüniň ylym-bilime has kän höwes döretmek we adam ömrüni uzaltmak ugrunda işleýän alymlary sylaglamak isleýändigini aýdýar.

Şeýle-de bu topar özüniň alymlaryň gahrymanlar hökmünde sylaglanmagyna umyt baglaýandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG