Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada üç ganhor asyldy


Ýapon hökümeti adam öldürmekde günäli tapylan üç jenaýatçyny jezalandyryp öldürdi.

Bu üç adam premýer-ministr Şinzo Abeniň hökümeti dekabrda işe başlaly bäri jezalandyrylyp öldürilen ilkinji jenaýatçylardyr.

Tussaglar, şol sanda okuwçy gyzy öldürmekde ýazgarylan jenaýatçy asylyp öldürildi. Ýaponiýada mundan öňki jezalandyryp öldürmeler sentbýar aýynda bolupdy.

Häzir Ýaponiýada 134 sany ölüm jezasy berlen jenaýatçy bar.

Ýaponiýa bilen onuň ýarany Birleşen Ştatlar ölüm jezasyny häzire-bu güne çenli ulanyp gelýän ýeke-täk uly senagat we demokratiýa ýurtlarydyr.
XS
SM
MD
LG