Sepleriň elýeterliligi

Täze hak serhetde dykyn döredýär


Gyrgyz-gazak serhedinde çarşenbe gününden bäri miwe gök önüm ýüklenen 100 çemesi ýük maşyny toplandy.

Çon-Kapka serhet geçelgesiniň resmileri Azatlyk Radiosynyň bu ýere baran habarçysyna penşenbe güni dykyna Gazagystanyň ýurda getirilýän her kilo miwe we gök önüm üçin 15 teňňe ($0.10) hak tölemegi talap etmeginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

Täze töleg nyrhynyň Gazagystanyň Orsýet we Belarus bilen bilelikdäki Gümrük bilelişigi tarapyndan girizilendigi aýdylýar.

Bu Gümrük bileleşigi 2011-nji ýylda döredildi. Rus resmileri bu ýerde ahyrky maksadyň 2015-ji ýyla çenli Ýewropa ykdysady bileleşigine kybapdaş bir birleşigi döretmekden ybaratdygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň ykdysadyýet ministri Temir Sariýew dekabr aýynda öz ýurdunyň bu Gümrük bileleşigine 2014-nji ýylda girjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG