Sepleriň elýeterliligi

logo-print

'Türkmen' hokkeýçileri türkmenmi?


"Oguzhan" hokkeý toparynyň oýunçylary. 2013 ý.

"Oguzhan" hokkeý toparynyň oýunçylary. 2013 ý.

Fewral aýynyň 17-sinde Türkmenistanda hokkeý boýunça prezidentiň kubogyny almak ugrunda geçirilen ilkinji halkara ýaryş jemlendi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň “Oguzhan” komandasy ikinji orny eýeledi.

Hokkeýiň Türkmenistanda sportuň täze bir görnüşidigine garamazdan, türkmen komandasynyň bu üstünlikli çykyşy ”Türkmen inisiatiwasy” toparynyň websaýtynda çap edilen maglumatda sorag astyna alynýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, agzalýan toparyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda siziň websaýtyňyzda Türkmenistanda geçirilen halkara hokkeý ýaryşyna gatnaşan türkmen komandasynyň düzüminde belarus oýunçylarynyň bolmagy mümkin diýen çaklama orta atyldy. Eýse, beýle pikir etmäge näme esas bar? Näme sebäpden bu siziň ünsüňizi çekdi?

Farid Tuhbatullin: Aslynda biz ýaşlary kämilleşdirýän temalara, esasan hem sporta we medeniýete uly üns berýäris. Soňky döwürlerde biz sport barada köpräk we jikme-jik maglumat bermäge çalyşýarys.

Bu ýaryş başlanda bize türkmen komandasynyň uly bir böleginiň Belarusdan wagtlaýynça çagyrylan sportsmenlerden ybaratdygy baradaky maglumat gelip gowuşdy.

Pikirmçe, bu beýleki sportsmenlerden birneme ökde bolmak üçin edildi, sebäbi hokkeý Türkmenistan üçin sportuň biraz ekzotiki görnüşi. Biz bu maglumaty beýleki çeşmelerden barlap başlanymyzda, bu informasiýa tassyklandy, ýagny otuza golaý belarus oýunçylarynyň türkmen komandalarynyň ikisinde oýnaýanlygy belli boldy.

Belki, şonuň üçindir türkmen habar serişdeleri hiç haçan hem komandanyň düzümi, onuň oýunçylarynyň atlary ýa-da kimiň gol geçirenligi barada hiç hili maglumat bermeýärler, sebäbi olaryň arasynda tapawutlanýan türkmen oýunçylary ýok bolsa gerek.

Azatlyk Radiosy: Ondan başga-da siziň websaýtyňyzdaky makalada bu oýunçylaryň hiç hili kontrakta gol çekmän, gizlin ýol bilen oýnaýandyklary aýdylýar. Eýse, beýle derejedäki ýaryşlarda başga ýurtlaryň wekilleriniň bir ýurduň komandasy üçin çykyş etmegi ýalňyşlyk bolup bilermi?

Farid Tuhbatulin: Hawa, munuň şol komandalaryň eýesi bolan edaralaryň ýokary wezipeli işgärleriniň inisiatiwasy bilen edilen iş bolmagy mümkin. Olar hem öz gezeginde prezidentiň öňünde milli hokkeýi, milli sporty ösdürýänliklerini görkezmeli.

Emma, komandalardaky oýunçylaryň hemmesiniň milli oýunçylar däldigi mälim bolsa, olar örän oňaýsyz ýagdaýa düşerler. Biziň maksadymyz hem diňe halkara jemgyýetçiligini däl, eýsem ilki bilen türkmen prezidentini [bu ýagdaýdan] habarly etmekden ybaratdy.

Beýle zatlar türkmen sportuny bezänok, bu gaýtam onuň gowşakdygyny, diňe daşary ýurtlularyň kömegi bilen kämilleşip biljekdigini aňladýar. Biz muňa garşy däl, gaýtam daşary ýurtly sportsmenleriň çagyrylmagyny goldaýarys, emma sportsmenlerem, trenerlerem resmi derejede kanuny ýollar bilen çagyrylyp getirilmeli.

Köp ýyllaryň dowamynda türkmen sporty [uly sportdan] çetleşdirilipdi, ýagny halkara ýaryşlarynda tejribe gazanmaga mümkinçiligi ýokdy. Şonuň üçin eger häzirki wagtda resmiler ýurtda sporty ösdürmek isleýän bolsalar onda [türkmen sportsmenlerini türgenleşdirmäge] daşary ýut ekspertleriniň gatnaşmagy diýseň wajyp.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG