Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ýogalan çaga barada ABŞ-dan maglumat soraýar


Orsýetiň we ABŞ-nyň döwlet baýdaklary

Orsýetiň we ABŞ-nyň döwlet baýdaklary

Orsýetiň Baş prokuraturasy ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrliginden amerikan maşgalasy tarapyndan ogullyk alnan orsýetli çaganyň ölümi bilen bagly waka barada täze maglumatlaryň berilmegini sorady.

Hepdäniň penşenbe güni Baş prokuraturanyň wekili Tehas ştatynyň Ektor okrugyndan Maksim Kuzminiň jesediniň barlaglarynyň netijelerine garaşylýandygyny aýtdy. Amerikan maşgalasynda Maks Şatto, diýen täze ada eýe bolan üç ýaşly Maksim Kuzmin ýanwar aýynda ABŞ-da ýogaldy.

Amerikan tarapynyň maglumatlary

Ektor okrugynyň şerifi Mark Donaldsonyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, çaganyň ölümi bilen bagly wakanyň derňewlerine orsýetli resmileriň gatnaşmagyna rugsat berilmändir.

Ektor okrugynyň sud-medisinasy boýunça baş bilermeni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy. Ol çaganyň teninde tegmilleriň bolandygyny aýtdy. Emma ol şol tegmilleriň çaganyň urulmagy netijesinde emele gelendigini tassyklamady.

Penşenbe güni Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Konstantin Dolgow çaganyň rehimsizlik netijesinde heläk bolupdyr diýmäge esasyň bardygyny aýtdy.

Dolgowyň sözlerine görä, çaganyň ölümi bilen bagly waka Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen indiki hepdede boljak duşuşygynyň gün tertibinde garalar.

Üç ýaşly Maksim Kuzmin we onuň iki ýaşly inisi Kiril Lora we Alan Şatto tarapyndan ogullyk alnypdyr.

Şerif Donaldsonyň sözlerine görä, Lora Şatto, howluda oýnap ýörkäler, ogullaryny diňe sähelçe wagtlyk gözegçisiz galdyrandygyny derňewçilere aýdypdyr. Habar berlişine görä, zenan gaydyp gelende, çaganyň özünden gidip, ýerde ýatandygyny görüpdir. Çaga keselhanada ýogalypdyr.

Tehas ştatynyň çagalary goramak boýunça häkimiýetleri öz derňewlerini geçirýärler we bu düşündirişleri ret edýärler. Resmiler häzir maşgalada galýan ikinji çaganyň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda işiň alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Orsýet tarapynyň reaksiýasy

Çagalaryň hakyky ejesi Ýuliýa Kuzmina Orsýetiň Çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmeni Pawel Astahowa ýüz tutup, özüniň enelik hukugynyň dikeldilmegini sorandygyny aýtdy. Ýuliýa Kuzminanyň çykyşy çarşenbe güni Orsýetiň döwlet telewideniýesinde görkezildi.

“Meniň ikinji oglumyň ony ogullyk alan maşgaladan yzyna gaýtarylmagyny isleýärin. Ol şonda öz agasynyň gününe düşmez. Men öz çagalarymyň öňündäki günämi boýun alýaryn. Men hiç bolmanda Kiril babatynda ýagdaýy düzetmek üçin elimden geleni ederin” diýip, Ýuliýa Kuzmina aýtdy.

Bu waka Orsýetde güýçli reaksiýa döretdi we ýerli habar serişdelerinde giňden şöhlelendirildi.

Hepdäniň duşenbe güni Pawel Astahow çaganyň ony ogullyk alan ejesi tarapyndan öldürilendigini Twitterde ýazdy. Emma munuň yz ýany Astahow wakanyň derňewleriniň entek tamamlanmandygyny boýun aldy.

Dekabr aýynda Orsýet orsýetli çagalaryň amerikan maşgalalaryna ogullyk berilmegini gadagan edýän kanuny kabul etdi. Şu hepdede-de Döwlet Dumasynyň daşary işler boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Alekseý Puşkow çaganyň ölümi bilen bagly wakanyň ýetim çagalaryň ogullyk berilmegine degişli meselede soňky nokady goýýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG