Sepleriň elýeterliligi

Damask: Bir günde 60 adam öldi


Damaskda bolan partlamada 60-dan gowrak adam öldi.

Munuň iki ýyl çemesi öň başlan gozgalaňyň dowamynda iň kän adam öldürilen gün bolandygy aýdylýar.

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi penşenbe güni ulag bombasy partladylanda 53 adamyň ölendigini habar berdi.

Bu partlama ýurduň dolandyryjy “Baas” partiýasynyň ofisiniň we Orsýetiň Siriýadaky ilçihanasynyň binasynyň golaýynda boldy.

Režime garşy aktiwistler partlamada ölen adamlaryň sanynyň 59 bolandygyny aýdýarlar. Bu san oňa Damaskda gozagalaň başlaly bäri bolan iň ganly partlaýyş diýmäge esas berýär.

Rus ilçihanasynyň binasyna zeper ýetdi, ýöne resmiler işgärlere zat bolmandygyny aýtdylar.

Penşenbe güni Damaskada bolan başga bir partlamada azyndan 8 adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG