Sepleriň elýeterliligi

Wenesuela: Çaweziň dem almasy kyn


Wenesuelanyň hökümeti prezident Ugo Çaweziň henizem dem alyş babatda kynçylyk çekýändigini we onuň gutulyp gidibermeýändigini aýdýar.

Maglumat ministri Ernesto Wilýegas penşenbe güni Çaweziň dem alyş ýollarynyň bejergisiniň, şeýle-de rakdan saplanyşynyň dowam etdiriljegini aýtdy.

Çawez Hawanada iki aýdan gowrak hassahanada ýatyp, Karakasa duşenbe güni, Kubada geçirilen dördünji rak operasiýasyndan soň dolanyp gelipdi.

58 ýaşyndaky Çawez soňky 14 ýylda Wenesuela ýolbaşçylyk edýär.
XS
SM
MD
LG