Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus aktiwisti ene dili üçin tutuldy


Belarus aktiwisti belarus dilini goramak barada demonstrasiýa çykany üçin bäş gün tussaglyga höküm edildi.

Minskide ýaşaýan heýkeltaraş Henik Loýka penşenbe güni “Halkara Ene dili günüňiz gutly bolsun! 4-nji liseý ozal belarus mekdebidi” diýen ýazgyly plakaty galdyryp duranlygy üçin tussag edildi.

Loýka Minskidäki mekdebiň öňünde protest bildirip duran ýerinde žurnalistlere “biziň ýurdumyzda belarus mekdepleriniň ruslaşdyrylmagy dowam etdirilýär, biz muny duruzmaly” diýdi.

Loýka rugsat edilmedik proteste çykandygy üçin şol günüň özünde tussag edildi.
Sudýa onuň sud diňlenişigini belarusça geçirmek baradaky talabyny ret etdi we sud orsça geçirildi.

Belarusda hem ors, hem belarus dili resmi dil hasaplanýar, ýöne ors dili hemme taraplaýyn agalyk edýär.
XS
SM
MD
LG