Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Miýatowiç: 'Azat metbugatyň ýok ýerinde, näsazlyklar döreýär'


Dunýa Miýatowiç
Dunýa Miýatowiç
Awtoritar döwletler aşa söz azatlygynyň ýurduň howpsuzlygyna we durnuklylygyna belli bir derejede zyýan berýändigini ýygy-ýygydan aýdýarlar. Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramsynyň Metbugat azatlygy bölüminiň wekili Dunýa Miýatowiç bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Awtoritar ýurtlaryň köpüsinde hökümet wekilleri, eger ykdysadyýeti, durmuşy ösdürjek bolsaň, onda jemgyýetiň böleklere bölünmeginiň öňüni almalydygyny aýdýarlar. Bu metbugaty kontrolda saklamagy, söz azatlygyny gysmaklygy aňladýar. Bu meselä siz nähili garaýarsyňyz?

Dunýa Miýatowiç: Her bir ýurt üçin ykdysady ösüşler gerek, men muny tassyklaýaryn. Her bir döwletiň öz howpsuzlygy üçin alada etmeginiň hem men tarapdary. Mundan başga-da, islendik döwletiň terrorizme, adam söwdasyna we başga-da dürli howplara garşy kanun çykarmaklaryny-da meniň tankyt etmäge hakym ýok.

Ýöne söz azatlygyny gysmak bilen maksada ýetilmeli däl, sebäbi, meniň pikirimçe beýle edilse, nädogry bolardy. Söz azatlygyny gysmak bilen tankydy, ýumorly sesleri basyp ýatyryp, jemgyýetimizi howpsuzlandyrmak gowy däl.

Adamlar ýurtda öz pikirini, duýgularyny aç-açan beýan edip bilmeýän bolsa, azat metbugat hem ýok bolan ýurtlarda dürli näsazlyklar hem ýüze çykýar. Biz howpsuz ýurtda ýaşaman, nädip arkaýyn öz pikirimizi beýan edip, hak-hukuklarymyzy talap edip bileris?

Mesele – nädip bu iki zady, ýagny howpsuzlyk bilen erkinligi utgaşdyrmakda. Köp halatlarda men hökümet resmileri bilen jemgyýet wekilleriniň öz aralarynda dürli äheňdäki bellikleri edýänligini görýärin. Bir tarap bize howpsuzlyk gerek diýse, beýleki tarap erkinlik gerek diýýär. Bu iki mesele utgaşýança bizde ösüş bolmaz diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Söz azatlygynyň belli bir şahsyýetler ýa-da toparlar tarapyndan [jemgyýetde] ýigrenç we näsazlyklar döretmek üçin peýdalanmagy meseläni has ýitileşdirýär we kynlaşdyrýar. Bu ýagdaýda söz azatlygyny goramak bilen uruş we zorluk döredýänlerden jemgyýeti goramagyň arasyny açmak, bu ikarada böwet goýmak kyn bolýar. Söz azatlygy bilen ýigrenç azatlygynyň arasynda nädip deňagramlylyk tapyp bileris?

Dunýa Miýatowiç: Örän kyn bolar. Köp halatlarda ýigrenç azatlygy hasaplanýan köp zatlara Skandinawiýanyň käbir ýurtlarynda adamlar asla üns berenok. Şonuň üçin nädip deňagramlylyk tapmaly diýen mesele gaty kyn meseledir.

Meniň hemişe aýdyp gelşim ýaly, aýdylan pikir nähili tankydy bolsa-da, ony hökümet däl, sud anyklamaly we çözmeli. Şu sebäpden-de, meniň pikirimçe, hiç bir sud we ýuridiki birleşmeler ýa ministrlikler hiç bir tankydy pikiri duruzmaly däl.

Bu soragy, halkara normalar we resminamalar esasynda, sud çözmeli. Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy bu ýerde gowy mysal bolup biler. Gynansak-da, biz beýle çözgütleri dünýäniň käbir beýleki ýerlerinde göremzok, ýöne bizde nusga alarlyk zatlar kän.

Bu ähli ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselesi, sebäbi bu köplenç däp-dessura, medeniýete we jemgyýetiň duýgularyna baglydyr. Ýöne meniň käbir duş bolýan ýagdaýlaryma görä, [milli] duýgylar we agyr temalar ýene-de tankydy sesleri basyp ýatyrmak üçin ulanylýar.

Azatlyk Radiosy: Mesele sungat barada gürrüň edilende-de kynlaşýar. Şu aý azerbaýjanly ýazyjy Akram Aýlisli protestleriň ýüze çykmagyna we kitap ýakylmalara sebäp boldy. Ol ermenileri günäkar däl ýaly suratlandyrýan roman ýazýar. Hökümet protestleri goldady, şeýle-de ony “Halk ýazyjysy” diýen adyndan we pensiýasyndan mahrum etdi. Hökümetiň, sungat işgäri tarapyndan öwrenilen bir meselä goşulyp, milli bähbidi goramaga haky barmy?

Dunýa Miýatowiç: Aslynda men azerbaýjanly ýazyjy barada hiç zat bilemok, men ol romany-da okap görmedim, üstesine, men hiç bir kitabyň mazmunyny tankytlamak islemeýärin.

Meniň bar eden zadym Azerbaýjanyň hökümet resmileri bilen gürleşdim hem-de ýazyjynyň we onuň maşgalasynyň doly goralmagyny haýyş etdim. Sebäbi, [beýle bolsa], bu nähili erbet, tankydy, gapma-garşylykly pikir aýdylsa-da, biz ol pikiri nähili halamasak-da, oňa garşy jogap zorlukly bolmaly däl [ahyryn]!

Azatlyk Radiosy: Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Metbugat azatlygy bölüminiň wekili hökmünde siz özüňiziň köp wagtyňyzy biziň gürrüňini edýän meselämiz ýaly meselelere sarp edýärsiňiz. Siz nädip beýle zatlar bilen çuňňur gyzyklanyp başladyňyz?

Dunýa Miýatowiç: Meniň pikirimçe, edýän işlerimi durmuş tejribesiz, [şol sanda] erbet tejribeler-de [bolmazdan], edip bilerdim öýdemok. Başymdan geçen tejribäm öz ýurdumda, Bosniýa-Gersegowinada bolup geçdi.

Bu zatlar käbir [beýleki] jemgyýetleriň duýgusyna düşünmäge kömek edýär. Mundan başga-da, men käbir resmileriň [çynlakaý zatlary] oýna öwürýän ýaly edip, “Biz dürli-dürli”, “Bize köpräk wagt gerek” diýip, adamlaryň tankydy pikirlerini ýatyrmak isleýändiklerini-de bilýärin.
XS
SM
MD
LG