Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň eşik syýasaty: meňzeşlik gowumy ýa erkinlik?


Türkmen ýaşulylary

Türkmen ýaşulylary

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda köp zadyň özgerendigi aýdylýar. Şol özgeren zatlaryň biri hem ýurtda adamlaryň geýýän geýim-eşikleri bilen bagly.

Käbir pikirlere görä, Türkmenistanda adamlaryň geýnişi ýyl-ýyldan gowulaşýar. Muny ýurduň daşarky dünýä bilen gatnaşygy, adamlaryň daşary ýurtlara köp gitmegi we türkmen bazaryna köp dürli harytlaryň getirilmegi bilen düşündirýärler.

Ýöne garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda adamlaryň bir meňzeş, bir sydyrgyn, bir kybap eşikleri geýýändigi ýa-da ýurt içinde geçirilýän çärelerden alnan suratlarda adamlaryň barha kän bir görnüşli ýa-da birnäçe görnüşli eşik "galybyna" salynýandygy barada hem aladalar eşidilýär.

Bu ýagdaý adamlaryň pikirlenişine ýaramaz täsir ýetirmese-de ýagşy diýýänler-de bar.

Azatlyk Radiosy özüniň geljekki “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu temanyň daşyndaky pikir alyşmalara bagyşlamagy planlaşdyrýar.

Pikirleriňize, bellikleriňize garaşýarys. Eger söhbetdeşlige gatnaşaryn, aýratyn pikir aýdaryn diýseňiz, oňa-da mümkinçilik bar.

Türkmenistanyň eşik syýasaty: meňzeşlik gowumy ýa erkinlik? Siz näme pikir edýärsiňiz?

Skype arkaly hem habarlaşyp bilersiňiz. Biziň Skype salgymyz: azatlykradiosy

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG