Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

11 alym multimillioner boldy


Google-y esaslandyranlaryň biri Sergeý Brin (çepde) we Facebook sosial ulgamyň esaslandyryjysy Mark Zukerberg.
Google-y esaslandyranlaryň biri Sergeý Brin (çepde) we Facebook sosial ulgamyň esaslandyryjysy Mark Zukerberg.
Medisina ylymlaryndaky böwsüş boýunça ylmy baýraga eýe bolan 11 sany alym multimillionere öwrüldi.

Olaryň her biri üç million dollara, ýagny Nobel baýragyndan iki esseden has köp pula eýe boldular.

Bu baýrak dünýäniň tanymal media magnatlary, ýagny Google-y esaslandyranlaryň biri Sergeý Brin, Facebook sosial ulgamyň esaslandyryjysy Mark Zukerberg we orsýetli inwestor Ýuriý Milner tarapyndan döredildi.

Baýraga eýe bolan 11 alymdan dokuz adam amerikan uniwersitetlerinde we edaralarynda işleýärler, ýene ikisi ýaponiýaly we gollandiýaly alymlar.

Pul baýragy alymlaryň rak keselini, genetikany we sütünli öýjükleri öwrenmek boýunça gözleg işlerine ýardam bermegi niýetlenýär.

Her biri üç million dollarlyk bu baýragyň geljekde ýylda bäş sany alyma berilmegi planlaşdyrylýar. Baýragy berýän fond ylmyň ösüşini goldamak we adamyň ömrüni uzaltmak ugrunda iş alyp barýan alymlary höweslendirmek isleýändigini aýdýar.

"Gahrymanlar"

Fonduň esaslandyryjysy Mark Zukerberg alymlary gahrymanlar diýip atlandyrdy we jemgyýetiň alymlara mätäçdigini aýtdy.

Google-yň düýbüni tutan Sergeý Brin alymlaryň, meselem, sport ýyldyzlaryndan has ileri tutulmalydygyny nygtady.

Fonduň ýene bir müdiri we Briniň aýaly Anna Woýsiskaýa fonduň progrese umyt baglaýandygyny we Parkinson ýaly keselleri bejermek usullarynyň tapyljagyna garaşýandygyny aýtdy.

Ol Parkinson keseliniň öz maşgalasy üçin şol sanda şahsy problemadygyny belledi we gaýyn enesinde bolan bu keseliň adamsynda bildirmek howpunyň bardygyny aýtdy.

Adam ömri bilen bagly ylymlar boýunça böwsüş fondy özüni kommersiýa gatnaşygy bolmadyk gurama diýip atlandyrýar.

Ol pul baýragynyň alymlaryň geçmişde eden açyşlary üçin hem beriljekdigini aýdýar we dünýäde islendik adamyň baýraga mynasyp alymyň kandidaturasyny internet arkaly öňe sürüp biljekdigini belleýär.

Ýuriý Milner bu baýragyň düýäde ylmy açyşlar üçin berilýän iň uly baýrakdygyny aýtdy.

Şu ýyl baýraga eýe bolan 11 alymyň arasynda 2012-nji ýylyň Nobel baýragynyň laureaty Ýaponiýanyň Kioto uniwersitetiniň alymy Sinýa Ýamanaka hem bar.
XS
SM
MD
LG