Sepleriň elýeterliligi

Owgan taryhynyň şu günki sapaklary


“Şanyň dolanmagy: 1839-1842-nji ýyllarda Owganystan ugrundaky göreş” kitaby.

“Şanyň dolanmagy: 1839-1842-nji ýyllarda Owganystan ugrundaky göreş” kitaby.

“Şanyň dolanmagy: 1839-1842-nji ýyllarda Owganystan ugrundaky göreş” atly kitap Owganystanyň gazaply taryhyny suratlandyrýar. Käbirleriň pikiriçe, ondan geljek üçin käbir sapaklary hem çykaryp bolýar. Azatlyk Radiosy kitabyň awtory, şotlandiýaly taryhçy hem ýazyjy William Dalrymple bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz özüňiziň ýaňy-ýakynda neşir edilen “Şanyň dolanmagy” atly kitabyňyz barada gürrüň beräýseňiz?

William Dalrymple

William Dalrymple

William Dalrymple: “Şanyň dolanmagy” atly kitabym Britaniýanyň Owganystana ilkinji gezek çozuşy baradadyr. 1839-njy ýylda Gündogar Hindistan Kompaniýasy bilen 18 müň adamly Britaniýanyň goşuny, “Bolan” we “Hojak” geçelgelerinden geçip, Owganystana çozýar we hökümdaryň tagtynda Şa Şuja-ul Mulki oturdýar.

Ol ilkinji owgan imperiýasynyň ilkinji hökümdary Ahmat Şa Dürräniniň agtygydyr. Şa Şuja-ul Mulki hökümdar etmek bilen Dost Muhammet hany häkimiýetden aýyrýarlar, sebäbi ol Orsýet patyşalygy bilen gatnaşyk saklaýar diýip, Britaniýa alada edinýärdi.

Azatlyk Radiosy: Ilkinji iňlis-owgan urşunyň esasy sebäbi nämedi? Ol nädip başlandy? Urşuň esasy wakalary barada gürrüň berseňiz! Bu uruşda iň soňunda kim ýeňýär?

William Dalrymple: 18 müň adamly goşun Owganystana çozýar. Olar soňundan Şa Şujany tagtda oturdýarlar. Bir ýarym ýyllap garşylyk görkezilenden soň, britanlylar ýeňilýärler.

Olar beýle garşylyk görkezilmegine düýbünden taýyn däldiler. Britanlar gabawa alnyp, olaryň iki lideri-de öldürilýär. Olar tabyn bolýarlar we owganlar olara yza, Hindistana çekilmäge howpsuz ýol bermegi wada edýärler.

18 müň adam Kabul şäherçesinden çykarylýar. Diri galan ýekeje lider, doktor William Brydon [olary] Jalalabada alyp gidýär.

Azatlyk Radiosy: Ilkinji iňlis-owgan urşuny owganystanlylar nähili ýatlaýarlar?

William Dalrymple: Owganystanlylar üçin bu uruş milli azat ediş urşy boldy. Britanlar üçin “Trafalgar”, Irlandlar üçin “Pasha gozgalaňy”, hindiler üçin “Gandi azat ediş urşy” nähili bolan bolsa, bu uruş hem owganlar üçin şonuň ýalydyr.

Bu waka beýik üstünlikdir, sebäbi bu britanlaryň ösen mahalyna gabat geldi. Owganlar üçin bu täsin wakady we şu güne çenli-de Kabulyň diplomatik bölegi britanlara garşy göreş eden Barakzai lideri Wazir Akbar Hanyň adyny göterýär.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde Owganystanda 160 ýyl ozal bolan urşuň öwrenilmegine garaýyşlar barada siz nähili pikirde?

William Dalrymple: Edil häzirki döwürde ”Foks News” gullugynyň Owganystandaky jahyl habarçysynyň garaýşy ýaly pikirler bar. Kimdir biri Amerika garşy çyksa, ol ”Talyban”, britanlara garşy çykylan döwür barada-da köp adamlaryň göz öňüne getirýän zady – birtopar sakgally owganlaryň britanlara garşy çykmagy we ol adamlaryň aşa dinçi bolmagy ýaly zatlardyr.

Ýöne owgan çeşmeleri ele ýarag almak üçin aýratyn maksatlaryň, aýratyn sebäpleriň bolandygyna we başga-da köp zatlara has çuňňur göz ýetirmäge rugsat berýär. Diňe gowy habarçy bolup geçen dürli çylşyrymly ýagdaýlar barada dogry habar berip biler. Şu günler hem Owganystanda işleýän islendik gowy habarçynyň iki tarapyň-da maksatlaryny beýan etmäge, düşündirmäge ýagdaýy bardyr.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwür üçin ilkinji iňlis-owgan urşy nähili sapak bolup biler?

William Dalrymple: Iň düşnükli sapak – Owganystany gorky we töwekgelçilik bilen basyp alarsyň. Ol toprak öz garaşsyzlygyny goramakda meşhur. Üstesine, bu topragy basyp almak örän gymmat düşýär.

Ýöne, meniň pikirimçe bu kembaha garalýan hakykat. Owganlaryň gazaply söweşijidiklerini hemme bilýär. Käbir adamlar Owganystany okkupirlemek prosesi bahasy sebäpli togtadylar diýip pikir edýärler.

Bu Owganystany ýeňip bolmaýandygyny aňladanok – ýeňip bolar, eger ýeterlik harby güýç bilen pul serişdesi goýberilse. Beýle etmek bilen ýene-de müňlerçe harbylary-da ugratmaly bolar. Her obada garnizon goýmaly we her goýlan garnizony ýaraglar bilen üpjün etmeli.

Bu gaty gymmat biznes. Bu “Gündogar Hindistan” kompaniýasynyň bilini döwdi. 1970-1980-nji ýyllarda bu Sowetleriň hem bilini dögdi. Owganystana çozmagy olaryň ykdysadyýetini pese gaçyrdy. Iň soňunda Amerikanyň hem töleg balansynyň bilini döwdi. Amerikanlar az peýda üçin ummasyz ýitgi çekdiler.

Azatlyk Radiosy: Ilkinji iňlis-owgan urşy Owganystanyň gelejegi üçin näderejede aktual sapak bolup biler? Ýene-de bir beýik güýç ýurdy terk etmegiň ugrunda ahyryn?

William Dalrymple: Anyk bir zady aýtmak gerek: Owganystan ýaly ýurdy golasty etmek gaty kyn, bu islendik güýç üçin şeýledir. Ol ýerde köp etnik toparlar bar. Geografiýa belli bir ýerde merkezleşdirilen hökümetiň bolmagyna mümkinçilik bermeýär.

Taryhda Owganystanyň üstünlikli merkezleşdirilen hökümete tabyn bolan döwürleri gaty seýrek gabat gelýändir. Şeýlelikde, Owganystan dargadyldy we häzir, puştunlaryň aýdyşy ýaly “Her owganystanly handyr”.

Meniň pikirimçe geljekki birnäçe ýylyň dowamynda Owganystanda dagynyklyk dowam eder. Men ýene-de köp gandöküşiklikler we dagynyklyk bolar diýip gorkýaryn. Gelejege optimistik äheňde garaýanlar köpçülikdir öýdemok.
XS
SM
MD
LG