Sepleriň elýeterliligi

Tehas şäheri üns merkezinde


Ektor okrugynyň şerifi Mark Donaldson. 20-nji fewral, 2013 ý.

Ektor okrugynyň şerifi Mark Donaldson. 20-nji fewral, 2013 ý.

Waldrop Dräýw häzire çenli ýerli ilatyň hem ünsüni özüne çeken ýol däl. Bu ýoluň tükenen ýerinde Laura bilen Alan Şattonyň jaýy bar.

Bu maşgalanyň Orsýetden ogullyk alan iki çagasynyň biri - Maksim öten aýyň aýagynda aradan çykdy.

Üstümizdäki hepdede ors resmileri Laurany "ganhor" diýip aýyplap, bu waka salgylanyp, Birleşen Ştatlara çaga bermezlik barada Orsýetde golaýda kabul edilen kanuny akladylar.

Maksimiň nähili ýagdaýda aradan çykandygy barada medisina barlaglary alnyp barylýar. Ýöne entek gelnen gutarnykly netije ýok. Bu netijäniň geljek hepdäniň başlarynda çykmagyna garaşylýar.

Ektor okrugynyň medisina barlaglary edarasynyň baş inspektory Şirli Standefer Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Onuň teninde gök tegmilleriň bardygyny gördük. Ýöne bular onuň çagadygy sebäplimi ýa olar ýara yzymy ýa-da şolar ýaly zady görkezýärmi, bu barada men size hiç bir zat aýdyp biljek däl. Sebäbi men doktor däl".

Standefer özüniň ýerli şerif edarasynyň bir barlagçysy bilen birlikde keselhanada Laura we Alan Şatto bilen gürleşendigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Laura aglap, sandyrasa-da, berlen soraglara öz ygtyýaryna görä jogap beripdir.

Standeferiň bu aýdýanlaryny Ektor okrugynyň şerifi Mark Donaldson hem tassyklaýar.

Orsýetiň Çagalaryň hukuklaryny goramak baradaky komissary Pawel Astahow üstümizdäki hepdede bu baradaky materiallary görmäge, Amerikada bu işiň kanun esasynda derňelmegine gatnaşmaga ors resmilerine rugsat edilmegini talap etdi.

Ýöne Donaldson muňa ýol berilmejekdigini aýdýar: "Bu çaga bir Tehas çagasy. Ol Tehasda ýaşady. Ol meniň okrugymda ýaşady. Meni bu ýerde gyzyklandyrýan zat – bu çaganyň ölümi we nämeleriň bolup geçendigini ýüze çykarmak. Meniň işim, eger bir zat bar bolsa, olary [potensial günäkärleri] tutup, olaryň garşysyna aýyplama bildirmek. Orsýetiň aýdýan ähli zatlary başga bir oýun. Men düşünýärin, olar bu zatlar ýaşyrlyp, bassyr-ýussur ediler, barlag bolmaz öýdýärler. Emma bu bir ors çagasy barada geçirilýän barlag däl. Bu bir ýogalan tehas çagasy barada barýan derňew. Biz bu barada elimizden gelenini etmek isleýäris".

Köp faktlar entek ýüze çykmanka, derňew işleri entek tamamlanmanka, Moskwa tarapyndan aýdylýan zatlarda öte geçilýän bolmagy mümkin.

Standefer orslaryň bu aýdýan zatlary barada nireden maglumat alandyklaryny özüniň bilesiniň gelýändigini aýdýar: "Men muny bilesim gelýär. Sebäbi bu bize köp mesele döretdi. Bu bir propagandamy ýa gök tegmillerden gelýärmi ýa-da iki ýurduň arasynda mesele döretmek üçin aýdylýarmy, ony bilemok. Bu barada aýdylýan zatlary okanymyzda 'bulary nireden çykarýarlar?" diýip, haýran galdyk. Bular manysyz zatlar, häzir şeýle. Dogrudan-da, tukat, gorkuly zatlar".
XS
SM
MD
LG