Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň oppozisiýasy protest bildirýär


Siriýanyň gadymy Aleppo şäherinde hökümet güýçleri opposizion söweşijilere garşy operasiýa alyp barýarlar. Aleppo, 21-nji fewral, 2013.
Siriýanyň gadymy Aleppo şäherinde hökümet güýçleri opposizion söweşijilere garşy operasiýa alyp barýarlar. Aleppo, 21-nji fewral, 2013.
Anna güni Siriýanyň esasy oppozision guramasy bolan Milli Koalisiýa protest hökmünde Moskwanyň we Waşingtonyň çakylyklaryny ret edýändigini mälim etdi.

Bu barada anna güni ýaýradan beýanatynda oppozision Milli Koalisiýa munuň sebäbini soňky wagtlar hökümet güýçleriniň gadymy Aleppo şäherini weýran ediji howa hüjümlerine garşy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan talabalaýyk hereketleriň ýoklugy bilen düşündiripdir.

Oppozision Milli Koalisiýa “Siriýanyň dostlary” diýlip atlandyrylýan döwletleriň geljek aý Rimde geçirjek konferensiýasyna-da öz wekilleriniň gatnaşmajakdygyny mälim edipdir.

Siriýanyň oppozision topary özüniň bu ädimlerini Siriýanyň hökümet güýçleriniň ýüzlerçe parahat ýaşaýjyny öldürmegine protest hökmünde häsiýetlendirýär.

Öz beýanatynda oppozision Milli Koalisiýa prezident Başar al-Assadyň režimine Orsýetiň yzygiderli ýardam berip gelýändigini-de belläp, muňa öz nägileligini bildiripdir.

Siriýanyň oppozisiýasy özüniň bu beýanatyny Müsüriň paýtagty Kairde geçiren iki günlük maslahatynyň yzýany etdi.

Oppozisiýa hökümet döretmekçi

Bu wakadan birneme öň Siriýanyň Milli Koalisiýasy Siriýadaky “azat edilen territoriýalar” diýlip hasaplanylýan ýerlerde öz hökümetini döretmekçidigini yglan edipdi.

Koalisiýanyň metbugat sekretary bu gürrüňi edilýän hökümetiň düzümine girjek wekilleriň 2-nji martda Stambulda geçiriljek maslahatda seçilip-saýlanjakdygyny aýtdy.

Siriýanyň Milli Koalisiýasy ýurtdaky graždanlyk urşunyň soňuna çykmak üçin ýurduň resmileri bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge-de taýýardygyny aýdýar. Emma ol prezident Başar al-Assadyň häkimiýetden çekilmegine hem-de onuň geljekde döwlet dolandyryşyna gatnaşdyrylmazlygyna aýak direýär.

Milli Koalisiýanyň metbugat sekretary Walid al-Bunni parahatçylyk meselesi boýunça geçiriljek islendik bir ikitaraplaýyn gepleşikleriň halkara derejesinde garantiýalar arkaly berkidilmelidigini aýdýar.

“Biz BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinden, aýratynam Orsýetden we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan halkara derejesinde garantiýalaryň kepillendirilmegini hem-de ýeterlik derejede halkara hyzmatdaşlyklarynyň bolmagyny isleýäris. Şeýle hem, biz Howpsuzlyk Geňeşiniň borçlandyryjy kararlary esasynda bu prosesiň amala aşmagy üçin kepilleriň bolmagyny isleýäris” diýip, Walid al-Bunni belledi.

Bu wakalaryň fonunda anna güni Siriýanyň Aleppo şäherinde ýene nobatdaky gezek howa hüjümleriniň amala aşyrylandygy barada maglumatlar alyndy.

Siriýadaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna syn edýän we Londonda iş alyp barýan topar anna günki hüjümlerde azyndan 29 adamyň ölüp, 150 töweregi adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG