Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Oppozisiýa beýanat ýaýratdy


Anna güni Siriýanyň esasy oppozision koalisiýasy Kairde geçiren iki günlük maslahatyndan soň halkara jemgyýetçiliginiň Siriýa baradaky syýasaty dogrusynda beýanat etdi.

Özüniň bu beýanatynda Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasy protest hökmünde Moskwanyň we Waşingtonyň çakylyklaryny ret edendigini mälim etdi.

Milli Koalisiýa munuň sebäbini soňky wagtlar hökümet güýçleriniň gadymy Aleppo şäherini weýran ediji howa hüjümlerine garşy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan talabalaýyk hereketleriň ýoklugy bilen düşündiripdir.

Oppozision Milli Koalisiýa “Siriýanyň dostlary” diýlip atlandyrylýan döwletleriň geljek aý Rimde geçirjek konferensiýasyna-da öz wekilleriniň gatnaşmajakdygyny mälim edipdir.

Öz beýanatynda Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasy prezident Başar al-Assadyň režimine Orsýetiň yzygiderli ýardam berip gelýändigini-de belläp, muňa öz nägileligini bildiripdir.
XS
SM
MD
LG